Ï Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi

view-icon 1342
Beýik Ýeňşiň 80 ýyllygy mynasybetli konsert geçirildi
camera-icon
Ýusup Türşekow

Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatrynda Beýik Watançylyk urşunda gazanylan Ýeňşiň 80 ýyllygyna bagyşlanan konserte gelenlerden ýaňa teatr hyryn-dykyn doludy. Russiýa Federasiýasynyň Türkmenistandaky ilçihanasy we Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi şu konserti geçirmek başlangyjy bilen çykyş etdiler.

Tomaşaçylar eýýäm teatr eýwanynda baýramçylyk ruhuna aralaşýardylar. Harby pilotkaly ýaş akkordeonçy uruş ýyllaryndan sazlaryny çalýardy, monitorlarda bolsa urşuň aýgytly söweşleri barada dokumental film görkezilýärdi. Konsertiň bildirişiniň aşagynda harby kiteli egnine atan tomaşaçylar özüni surata düşürýärdiler.

Uruş ýyllarynyň aýdymlary henizem adamlaryň ýüreginde ýaşaýar. Bir wagtlar olaryň labyzy garymdaky esger ýüreklerini ruhlandyrýardy. Indi bolsa olar beýik esgeriň edermenligini wasp edip, nesilleriň arasyndaky köprä öwrüldi. Moskwanyň «Новая опера» teatrynyň solisti Ilýa Kuzmin sahna çykmazdan ozal biziň bilen söhbetdeş boldy:

– Atam urşa gatnaşandy. Şonuň üçin uruş ýyllarynyň aýdymlaryny sahnada ýerine ýetirenimde, ony tomaşaçylaryň arasynda görýärin. Atam ir ýogaldy, şonuň üçinem uruşdan soňky ýyllarda düzülen aýdymlaryň köpüsini eşidip ýetişmedi. Beýik Ýeňiş güni mynasybetli guralýan konsertlerde çykyş etmek bilen Beýik Watançylyk urşuna gatnaşyjylaryň hemmesini, ilkinji nobatda, mähriban atamy hatyralaýaryn.

Şol gün agşam tomaşaçylaryň arasynda 99 ýaşly uruş weterany Sergeý Tewosowiç Agamýan hem bardy. Bu habar sahnadan yglan edilende, tomaşaçylar ör turup, edermenligi bilen arassa asmana ýetiren uruş weteranyny hormatlap el çarpdylar.

Konsert ýürekleri elendiren «Mukaddes uruş» aýdymy bilen açyldy. Ony Haýdar Eminowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň Döwlet hory we Türkmenistanyň at gazana artisti Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Döwlet simfoniki orkestri bilelikde Ilýa Kuzmin ýerine ýetirdi. Aýdym «Galkyn, ägirt ýurt…» – diýen ilkinji setirlerinden tutuş ýurduň şäher ilatyna we oba ýaşaýjylaryna güýçli täsir etdi. Ol häzirem güýçli çagyryşy bilen iniňi jümşüldedýär.

Sahnadan «Ýerdölede», «Gün ýaşdy gitdi», «Ümüş-tamyş tüm gije», «Öten döwürleriň gahrymanlaryndan», «Şol ýigit üçin» we beýleki tanyş aýdymlar ýaňlandy. A.S.Puşkin adyndaky umumybilim berýän bilelikdäki türkmen-rus mekdebiniň «Dostluk» çagalar horunyň oglanjyklary we gyzjagazlary «Katýuşa» aýdymyny tolgundyryjy ýerine ýetirdiler. Tomaşaçylar kiçijik aýdymçylary agzybir el çarpyşmalar bilen goldadylar.

Anna Weliahmedowa Ilýa Kuzmin bilen bilelikde «Garaýagyz gyz» aýdymy ussatlarça ýerine ýetirildi.

Simfoniki orkestr «Jylawlanan ot» filminden Andreý Petrowyň uwertýurasyny ýerine ýetirdi. Hyjuwly güýçli saz Gagariniň kosmosa uçuşyny beýan edýär. Näme üçin bu saz uruş ýyllarynyň aýdymlary konsertine goşuldy? Çünki Beýik Watançylyk urşunda gazanylan ýeňiş we Gagarin – milli buýsanja öwrülen iň möhüm iki ýagdaýdyr.

Däp bolşy ýaly, konsert tomaşaçylaryň ör turup diňleýän «Ýeňiş güni» aýdymy bilen tamamlanmalydy. Konsert şonuň bilen jemlenmelidi. Ýöne tomaşaçylaryň köşeşmeýän el çarpyşmalary netijesinde ýene bir aýdym – Aleksandra Pahmutowanyň «Biz neneň ýaşdyk» aýdymy gaýtadan ýerine ýetirildi.

Konsert aşgabatlylara Beýik Ýeňişiň 80 ýyllygyna ýerlikli sowgat boldy.