Türkmenistanyň Döwlet medeni merkeziniň Mukamlar köşgi Resul Gylyjowyň ýolbaşçylygyndaky Türkmen döwlet simfonik orkestriniň gatnaşmagynda 19-20-nji maýda geçiriljek «Parahatçylyk sazy» festiwalyna çagyrýar.
Sahnada çakylyk boýunça gelen myhmanlar – Nury Halmämmedow adyndaky «Dutaryň owazy» Moskwa halkara sungat festiwalynyň kompozitory we sungat müdiri Mamed Guseýnow, şeýle hem Moskwanyň «Gelikon-opera» teatrynyň aýdymçysy Darýa Guseýnowa dagy çykyş ederler.
23-24-nji maýda sagat 19:00-da «Türkmenistan» kino-konsert merkezinde «JazzMan» atly jaz tomaşasy bolar. Maksatnamanyň solisti, ýaş aýdymçy Döwran Şammyýew Frenk Sinatranyň, Ella Fisjeraldyň, Maýkl Bubläniň we beýleki tanymal jaz aýdymçylarynyň aýdýan aýdymlaryny ýerine ýetirer. Konsert Kowus Bäşimowyň ýolbaşçylygyndaky jaz orkestriniň – deprekçi Aram Bezikýanyň, pianinoçy Türkmenistanyň at gazanan artisti Wladimir Mkrtumowyň sazandalyk etmeginde geçer.
Paýtagtymyzyň teatrlary tomaşaçylara aşakdaky sahna oýunlaryny görkezerler:
Beýik S.Türkmenbaşy adyndaky Baş akademiki drama teatry:
17.05.2025. «Zoraýakdan tebip bolan» –19:00;
18.05.2025. «Gülki agşamy» – 19:00.
Magtymguly adyndaky milli sazly drama teatry:
17.05.2025. «Balzaminowyň öýlenişi» – 19:00;
18.05.2025. «Körpe gelin» – 19:00.
Alp Arslan adyndaky milli drama teatry:
17.05.2025. «Hüwdi» – 19:00;
18.05.2025. «Gülki sowgady» – 19:00.
A.S.Puşkin adyndaky Döwlet rus drama teatry:
17.05.2025. «Маша и медведь» 12:00;
17.05.2025. «Сад без земли» 19:00;
18.05.2025. Премьера «Али-Баба» 11:00; 13:00;
18.05.2025. «Мать» 19:00.
Mollanepes adyndaky talyplar teatry:
17.05.2025. «Ýediň enesi» – 19:00;
18.05.2025. «Gülki agşamy» – 19:00.
Türkmen döwlet gurjak teatry:
17.05.2025. «Şadyýan sazandalar» –17:00;
17.05.2025. «Аşyklar» – 19:00;
18.05.2025. «Janly gurjaklar» – 12:00; 17:00;
17.05.2025. «Juwan kalbym joşanda» –19:00.