Ï «Bitaraplyk simfoniýasy» diňe bir saz däl ...
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Bitaraplyk simfoniýasy» diňe bir saz däl ...

view-icon 1830
«Bitaraplyk simfoniýasy» diňe bir saz däl ...

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynyň ýanyndaky Daňatar Öwezow adyndaky Türkmen döwlet sazçylyk ýörite orta hünär mekdebinde talyplaryň «Bitaraplyk simfoniýasy» eseriniň awtory, Türkmenistanyň sungatda at gazanan işgäri Röwşen Nepesow bilen duşuşygy geçirildi.

Tanymal režissýor Eziz Jumanyýazow duşuşygy açyp, Röwşen Nepesowyň sazyny ýerine ýetirenimizde, saza aşyk bolýandygymyzy, onuň güýjüni duýýandygymyzy, ýöne şu wagta çenli talyplaryň kompozitor bilen söhbetdeş bolmaga mümkinçiliginiň bolmandygyny belledi. Indi şeýle mümkinçilik döredi. Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy duşuşyga sebäp boldy, Röwşen Nepesow özüniň «Bitaraplyk simfoniýasy» atly täze eserini bu baýrama bagyşlady. 

Bu ýere ýygnananlaryň el çarpyşmalary astynda ussat sazanda roýalyň başyna geçdi we ýaş nesil sazandalar üçin öz eserini ýerine ýetirdi. «Bitaraplyk simfoniýasy» talyplarda örän täsir galdyrdy. Zalda akýüreklik höküm sürdi. «Bitaraplyk simfoniýasy» diňe bir saz bolman, eýsem sazandalaryň iki nesliniň arasyndaky özboluşly köpri boldy. Talyplar kompozitor Röwşen Nepesowa özüni gyzyklandyrýan sowallary berdiler. 

– Şu simfoniýany döredeňizde nämeden ylham aldyňyz?

– Çyn ylham halkymyzyň öňünde jogapkärçilik duýanyňda gelýär. Sazyň diňe bir sungat däl-de, eýsem hyzmatdygyna ynanýaryn. Diňe käriňe ussat bolmak ýeterlik däl, bilimiňi we zehiniňi Watana bagyş etmeli. Siz «Bitaraplyk simfoniýasynda» belki, milli sazlary duýan bolsaňyz gerek, ony döretmekde milli saz gurallary bolan tüýdügiň we dutaryň möhüm ähmiýeti bar. Bu diňe bir orkestr eseri däl, ol ýurdumyzyň saz portretidir. Bu sazda döwrüň ruhy ýaňlanýar.

– Şeýle äheňler nädip döreýär? Ol öňden gulagyňyza gelip durmy ýa-da eser döredilýän çagy ýüze çykýarmy?

– Bar zat asuda dym-dyrslykdan başlanýar. Içimi diňleýärin. Käwagt çölde ýeliň owazy ýa-da köçede oýnap ýören çagalaryň aýdymy saz keşbini döretmek üçin ýeterlik bolýar.

– Halk saz guralynyň owazyny simfoniki owaz bilen birleşdirmek kynmy?

– Bu kyn, ýöne uly şatlyk döredýän iş. Tüýdügiň üýtgeşik ruhy bar. Ol sözde beýan edip bolmaýan zady gürrüň berip biler.

– Halypa, ýaşlaryň arasynda özüňi nähili duýýarsyň?

– Bir maşgaladygymyza begenýärin. Häzirki wagtda aramyzda köpri guruldy, wagtyň geçmegi bilen onuň hasam pugtalanjakdygyna ynanýaryn.

Duşuşygyň ahyrynda talyplaryň haýyşy bilen kompozitor ýene birnäçe eserini ýerine ýetirdi. Şol gün agşam mekdepde diňe saz ýaňlanmady. Hormat, ylham we nesilleriň arasynda çuňňur baglanyşyk duýuldy.