Türkmenistanyň wekiliýeti uniwersitetleriň “UI GreenMetric” (IWGM 2025) dünýä reýtingi boýunça XI halkara maslahata gatnaşmak üçin Fransiýanyň Hissa şäherinde iş saparynda boldy. Çäre Indoneziýanyň uniwersiteti we Fransiýanyň Kot d’Azur uniwersiteti tarapyndan bilelikde geçirildi.
“Uniwersitetlerde Durnukly ösüş maksatlaryny gazanmak: biziň jemgyýetimiziň we institutlaryň taryhy” atly tema boýunça çärä ýokary okuw mekdepleriň ýolbaşçylary, dünýäniň dürli ýurtlaryndan görnükli alymlar, professorlar, dosentler hem-de mugallymlar gatnaşdylar.
Abraýly forumda Türkmenistana Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň mikrobiologiýa, wirusologiýa we immunologiýa kafedrasynyň mugallymy Serdar Gedaýew, şeýle hem S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň okuw bölüminiň müdiri Begenç Ýowbagşyýew hem-de şol ýokary okuw mekdebiň umumy himiýa kafedrasynyň mugallymy Kadyr Amanow wekilçilik etdiler.
Okuw maslahatyň açylyşynda we bölümçeler boýunça işi fransuz uniwersitetiniň taryhy binasynda – Walroz galasynda, şeýle hem dünýädäki ilkinji iri obserwatoriýalaryň biri bolan Kot d’Azur obserwatoriýasynda geçirildi.
Çäräniň açylyş dabarasynda meşhur alymlar we professorlar çykyş etdiler. Oksford uniwersitetindäki “Nature Positive Universities” başlangyjynyň utgaşdyryjysy Emil Stottuň çykyşy bioköpdürlüligi gorap saklamakda uniwersitetleriň eýeleýän ornuna bagyşlandy. Kot d’Azur uniwersitetiniň rektory, professor Žanik Briswalter durnukly ösüşi üpjün etmek üçin halkara akademiki hyzmatdaşlygynyň möhümdigini nygtady. Indoneziýanyň uniwersitetiniň professory, “UI GreenMetric reýting” agentliginiň ýolbaşçysy “Riri Fitri Sari” uniwersitetleri dolandyryş ulgamyna durnukly ösüşiň görkezijilerini girizmegiň wajypdygy barada gürrüň berdi.
Okuw maslahatyň dowamynda durnukly ösüş babatda uniwersitetleriň eýeleýän möhüm orny dogrusynda söhbet edildi. Dört günlük çäre oňa gatnaşyjylary energonetijelilik, ekologiýa bilimi, tebigy serişdeleriň dolandyrylyşy we okuw toplumynyň durnukly ösüşi ýaly ugurlarda innowasion çemeleşmeler bilen tanyşdyrdy.
Serdar Gedaýew “Galyndylary dolandyrmak ulgamyny guramakda biziň institutlarymyzyň we jemgyýetçiliklerimiziň taryhy” diýen bölümiň başlygynyň orunbasary hökmünde çykyş edip, duşuşyga gatnaşyjylary “Energiýanyň durnukly çeşmesi hökmünde Türkmenistanda Chlorella Vulgaris-den bioýangyjyň ulanylyşy” diýen mazmunly temasy bilen tanyşdyrdy.
S.A.Nyýazow adyndaky TOHU-nyň wekilleri Kadyr Amanow we Begenç Ýowbagşyýew bilelikde “Galyndylaryň durnukly dolandyrylyşy: maldarçylygyň galyndylaryndan organiki mineral dökünleriň öndürilmegi” diýen tema boýunça çykyş etdiler. Bu taslamada Türkmenistanda oba hojalygyň durnukly ösüşini gazanmak üçin ýapyk aýlawly tehnologiýalary ulanmagyň aýratynlyklary beýan edildi.
“UI GreenMetric” guramasyna täze kabul edilen agzalaryň Jarnama gol çekmek dabarasy çäräniň ajaýyp pursatlarynyň birine öwrüldi. Munuň özi BMG-niň Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek babatda ählumumy hyzmatdaşlygyň giňeldilmeginde nobatdaky ähmiýetli ädim boldy.
Duşuşygyň dowamynda oňa gatnaşyjylara uniwersitetleriň “UI GreenMetric” (IWGM 2026) dünýä reýtingi boýunça 12-nji halkara maslahatynyň geçiriljek ýeri hökmünde Polşanyň Poznan şäherindäki Adam Miskewiç adyndaky uniwersitetiň saýlanylyp alnandygy barada çözgüt yglan edildi. Şu mynasybetli degişli tema boýunça çykyş edildi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň bu maslahata gatnaşmagy halkara derejesinde gazananlaryny görkezmäge, şeýle hem Braziliýa, Fransiýa, Germaniýa we Indoneziýa ýaly ýurtlaryň akademiki liderleri bilen bilim we tejribe alyşmaga mümkinçilik berdi.
Duşuşyklaryň çäklerinde ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň hünärmenleriniň energiýanyň alternatiw çeşmeleri hem-de gaty görnüşli galyndylary dolandyrmak boýunça tanyşdyran taslamalary Durnukly ösüş we ekologiýa nukdaýnazarlaryndan uly ähmiýete eýedir. Duşuşygyň netijeleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ylym-bilim işleriniň kämilleşdirilmegine saldamly goşant goşar, şeýle hem halkara hyzmatdaşlygyň has-da giňeldilmegine ýardam berer.
“UI GreenMetric” ýaly halkara çäreler ekologiýa taýdan jogapkärçilikli uniwersitetleriň ösüşini üpjün etmekde möhüm orun eýeleýär. Türkmen ýokary okuw mekdepleriniň şeýle abraýly guramalaryň işine gatnaşmagy durnukly ösüşi gazanmak ugrunda dünýäniň ylym we bilim jemgyýetçiligi bilen ýakyn gatnaşyklary saklamakda wajyp orna eýedir.