Ï Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 27,5 müňden gowrak talyplaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 27,5 müňden gowrak talyplaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär

view-icon 5064
Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 27,5 müňden gowrak talyplaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär

Aşgabat, Arkadag şäherlerinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine 2025-nji ýylyň kabul ediş möwsümi üstünlikli dowam edýär. 

Bu maksatnamanyň çäklerinde 14-nji iýuldan 27-nji iýul aralygynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine, şeýle hem mugallymçylyk, lukmançylyk we medeniýet ugurly orta hünär okuw mekdeplerine dalaşgärlerden resminamalar kabul edildi. Maliýe-ykdysady ugurly we ykdysady hasabat boýunça orta hünär mekdeplerine resminamalaryň kabul edilmegi 18-nji awgusta çenli dowam eder.

Dalaşgärlerden resminamalar kabul etmek tamamlanyp, 30-njy iýuldan ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde giriş synaglary başlandy. Ýurdumyzda kabul ediş möwsümi 25-nji awgusta çenli amala aşyrylar.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň maglumatlaryna görä, 2025 –2026-njy okuw ýylynda talyplaryň 27 müň 661-siniň, şol sanda ýokary okuw mekdeplerine 16 müň 782 talyp, orta hünär okuw mekdeplerine 10 müň 879 talyplaryň kabul edilmegi meýilleşdirilýär

Her ýylky däbe görä, ýurdumyzda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul edilýän talyplaryň sany artdyryldy. Täze okuw ýylynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri geçen okuw ýyly bilen deňeşdirilende 856 talyby we orta hünär okuw mekdepleri 389 talyby köp kabul eder.

Talyplaryň sanynyň artdyrylmagy bilen birlikde däp boýunça ýokary we orta hünär okuw mekdeplerinde hünärleriň hem-de taýýarlyk ugurlarynyň sany artýar. Täze okuw ýylynda ýurdumyzyň 6 ýokary okuw mekdeplerinde hünärmen maksatnamasy boýunça 4 täze hünär, bakalawr maksatnamasy boýunça 5, magistr maksatnamasy boýunça 4 taýýarlyk ugry açylar.

2025 – 2026-njy okuw ýylynda talyplaryň kabul edilmeginiň artmagyna hem-de täze hünärleriň girizilmegine ýurdumyzda täze ýokary okuw mekdebiň – Halkara senagatçylar we telekeçiler uniwersitetiniň açylmagy ýardam edýär. Ol bakalawr maksatnamasy boýunça ilkinji 500 talyby kabul eder hem-de telekeçilik ulgamynda bilim babatda ulaldylan toparlarynyň 8 ugry boýunça geljekki hünärmenleri taýýarlap başlar.

Mundan başga-da, şu ýyl Türkmenistanyň Döwlet energetika institutynyň täze goşmaça bilim binasy ulanylmaga tabşyrylar.

11-nji iýulda geçirilen Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisiniň dowamynda hormatly Prezidentimiz okuwa girmek isleýän ýaşlara uly üstünlik arzuw etdi. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul etmelidigini, giriş synaglarynyň guramaçylykly we adalatly geçirilmelidigini nygtap, jemgyýetçilik tarapyndan gözegçiligi üpjün etmegi tabşyrdy.