Ï 11-nji synp okuwçylary üçin biologiýa boýunça okuw kitaby neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

11-nji synp okuwçylary üçin biologiýa boýunça okuw kitaby neşir edildi

view-icon 7688
11-nji synp okuwçylary üçin biologiýa boýunça okuw kitaby neşir edildi

Türkmenistanyň orta, ýöriteleşdirilen, hünär we ýokary okuw mekdepleriniň okuwçylarydyr talyplaryny täze okuw kitaplary hem-de okuw gollanmalary bilen üpjün etmegiň çäklerinde täze okuw ýylynyň başlanmagyna gabatlap, türkmen dilinde okadylýan umumybilim berýän orta mekdepleriň 11-nji synplary üçin «Umumy biologiýa» okuw kitaby neşir edildi.

Türkmenistanyň Milli bilim institutynyň hünärmenleri tarapyndan goldanylan täze okuw kitaby bilim bermek işiniň häzirki zaman talaplaryna, mekdep maksatnamasy boýunça okatmakda ulanylýan usulyýetlere we umumy wezipelere laýyk gelýär. Kitapdaky bilim gory daşky gurşawy goramak hem-de bioköpdürlilik ulgamynda soňky ylmy maglumatlar esasynda düzülendir, şeýle hem olar tebigaty goraýyşa degişli hereket edýän kanunçylyk namalaryny, gol çekilen ekologiýa konwensiýalarynyň we ylalaşyklarynyň çäklerinde Türkmenistanyň halkara borçnamalary baradaky beýanatlary özünde jemleýär.

Okuw kitaby öýjügiň gurluşynyň esaslaryndan we himiki düzüminden başlap, tohumçylyga we seçgiçilige çenli biologiýanyň öwrenilmegine toplumlaýyn çemeleşmäni göz öňünde tutýar. Kitapda beýan edilenler tematiki bölümleriň üçüsi boýunça düzülendir, okuwçylara geçilýän temany oňat özleşdirmäge kömek edýän suratlar bilen bezelendir.

Nazary baplardan başga-da, neşir barlaghana tejribe işini: öýjügiň mikroskop astynda öwrenilmegini, sitoplazma gözegçilik edilmegini hem-de üýtgeýän ýagdaýlaryna baha berilmegini – ewolýusiýanyň esaslaryny özünde jemleýär. Okuw kitaby awtorlaryň topary – S.K.Durdyýew, P.A.Kepbanow, S.Nogaýewa we R.Mahmatkulowa tarapyndan taýýarlanypdyr. Bu awtorlar paýtagtymyzyň birnäçe ýokary okuw mekdeplerini, şeýle hem Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutyna wekilçilik edýärler.