Ï Türkmenistanda maglumat tehnologiýalar ulgamynda ýaşlaryň startap bäsleşigi yglan edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda maglumat tehnologiýalar ulgamynda ýaşlaryň startap bäsleşigi yglan edildi

view-icon 3704
Türkmenistanda maglumat tehnologiýalar ulgamynda ýaşlaryň startap bäsleşigi yglan edildi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Merkezi geňeşi hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşi döwletiň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy mynasybetli maglumat tehnologiýalar ulgamynda «Türkmenistan – mümkinçilikleriň ýurdy» atly startap bäsleşigini yglan etdiler. 

Bäsleşige gatnaşmaga gyzyklanma bildirýän ýaşlar – orta mekdepleriň ýokary synp okuwçylary, ýokary okuw mekdepleriň talyplary, mugallymlar, telekeçiler, startap toparlardan gatnaşýanlar, innowasion pikirleriň garaşsyz awtorlary, maglumat tehnologiýalar ulgamynyň we täzeçillik ugurlarynyň hünärmenleri çagyrylýarlar. 

Bäsleşik telekeçilik başlangyçlary ösdürmäge we goldamaga hem-de zehinli ýaşlaryň işjeňligine, olaryň innowasiýalary özleşdirmäge bolan ymtylmalaryna, maýadarlaryň, döwlet düzümleriniň wekilleriniň we ýaşlaryň startap jemgyýetçiliginiň aralarynda gatnaşyklar üçin oňaýly şertleri döretmäge, şeýle hem ýurdumyzyň durmuş-ykdysady ösüşine täzeçil pikirleri we öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmaga ýardam bermäge gönükdirilendir. 

Bäsleşige gatnaşmak isleýänler Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Aşgabat şäher komitetine Aşgabat şäheriniň Türkmenbaşy şaýolunyň 81-nji jaýynyň 3-nji gatyndaky salgy boýunça özleriniň işewürlik-taslamalaryny görkezmelidirler. Işleriň kabul edilmegi 22-nji oktýabra çenli amala aşyrylýar.

Her awtoryň bilermenler toparyna garamaga diňe bir işi bermäge hukugy bardyr. 

Deslapky saýlama tapgyry geçen işleriň awtorlary üçin öwrediş maksatnamasy (butkemp) guralyp, şonuň çäklerinde startaplary dolandyrmak başarnyklaryny ösdürmek, maýadarlary çekmek boýunça çäreler, şeýle hem gatnaşyjylar üçin ugurdaş mazmunly tanyşdyrmalary geçirmek meýilleşdirilýär. 

Bäsleşigiň jemleýji tapgyrynda ýaş startapçylar eminleriň, maýadarlaryň hem-de köp sanly bilermenleriň öňünde açyk tanyşdyrma görnüşinde taslamalaryny goramak bilen çykyş etmeli bolarlar. 

Çärä gatnaşyjylaryň işewürlik-taslamalaryna aşakdaky ugurlar boýunça baha berler: 

1. Innowasiýalylyk – taslamanyň täzeçilligi we özboluşlylygy;

2. Durmuş-ykdysady taýdan ähmiýetliligi – ýurduň ösüşine goşandy, ileri tutulýan wezipeleriň çözülişi; 

3. Durmuşa geçirilişi – taslamanyň tehniki we guramaçylyk taýdan amala aşyrylmagy; 

4. Işewürlik-nusgasy – ykdysady netijelilik, girdeji gazanmak mümkinçiligi;

5. Toparlaýyn iş – oňa gatnaşyjylaryň durmuşy başarnyklary;

6. Tanyşdyryş çäresi – düşnüklilik, ynandyryjylyk we taýýarlyk derejesi. 

Bäsleşigiň netijeleri 25-nji noýabrda jemleniler. Iň oňat startaplaryň awtorlarynyň 6-sy ýeňijiler diýlip yglan ediler, şolaryň arasynda birinji, ikinji we üçünji baýrakly orunlar kesgitleniler. 

Ýeňijiler Türkmenistanyň Bilim ministrliginden, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesinden hem-de Türkmenistanyň Magtymguly adyndaky Ýaşlar guramasynyň Merkezi geňeşinden Hormat hatlary we bäsleşigiň baş hemaýatkäri – «ТМТ Consulting Group» hojalyk jemgyýetinden gymmat bahaly sowgatlar bilen sylaglanarlar. 

Guramaçylar tarapyndan bellenilen işewürlik-taslamalaryň awtorlaryna höweslendiriji baýraklar gowşurylar. 

Mundan başga-da, Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi bäsleşikde ýeňen we tapawutlanan ykdysady taýdan bähbitli hem-de geljegi uly taslamalary durmuşa geçirmek üçin maýadarlary çekmäge işjeň ýardam berer. 

Goşmaça maglumatlary şu telefon belgiler boýunça alyp bolar: 22-71-93, 22-74-07, 22-70-38.