Ï Türkmenistanda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy ýygyndysy neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy ýygyndysy neşir edildi

view-icon 1767
Türkmenistanda «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy ýygyndysy neşir edildi

Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli, Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport instituty tarapyndan geçirilen halkara ylmy-amaly maslahatynyň netijeleri boýunça taýýarlanan «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly ylmy ýygyndysy neşir edildi.

Kitabyň sahypalarynda sport diplomatiýasy arkaly halkara hyzmatdaşlygy, dost-doganlygy, ynamy we parahatçylygy berkitmäge gönükdirilen Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ýörelgeleri giňişleýin görkezilýär.

Ýygyndyda Özbegistandan, Russiýadan, Gazagystandan, Belarussiýadan, Azerbaýjandan, Gyrgyzystandan, Türkiýeden, Rumyniýadan, ABŞ-dan, Ermenistandan gelen gatnaşyjylaryň, şeýle hem ýurdumyzyň ylym, bilim we sport pudaklarynyň wekilleriniň ylmy çykyşlarynyň beýany görkezilýär.

Türkmen we daşary ýurtly hünärmenleriň «Bitaraplyk we sport ýörelgeleri dostlugy hem-de parahatçylygy wagyz edýär», «Olimpizm filosofýasy we sagdyn durmuş ýörelgelerini terbiýelemek», «Bedenterbiýede we sportda innowasion tehnologiýalar» ýaly ylmy makalalar ýokary okuw mekdepleriniň mugallymlary, talyplar, tälimçiler, türgenler hem-de bu ugura gyzyklanma bildirýän okyjylar üçin peýdaly bolar.

Şeýle hem «Sport – parahatçylygyň ilçisi» atly halkara ylmy-amaly maslahatyň çykyşlarynyň gysgaça beýanyny Google Scholar platformasynda hem elýeterlidir.