Ï Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi

view-icon 2579
Türkmenistanda täze okuw kitaplary neşir edildi

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan ýurdumyzyň umumybilim berýän orta mekdepleriniň 11-nji synp okuwçylary üçin «Modelirleme we grafika» atly okuw kitaby neşir edildi.

Täze okuw kitaby K.Udamuradowa we E.Amanow tarapyndan taýýarlanyldy.

Bu kitap okuwçylarda konstruktiw, logiki we döredijilik pikirlenişini, inžener-tehniki işlere, şeýle hem maglumat-aragatnaşyk tehnologiýalaryny işjeň ulanmak arkaly oýlap tapyjylyga bolan gyzyklanmany kemala getirmekde ýardam bermek üçin gönükdirilendir.

Kitabyň birinji bölümi model düşünjesine bagyşlanýar. «Modelirleme» bölümi, meseleleriň kesgitleniş tapgyrlaryny, obýektleriň görkezijilerini we olaryň arasyndaky gatnaşyklary kesgitlemek, şeýle hem netijeleriň kesgitlenen şertlere laýyklygyny barlamak tapgyrlaryny öz içine alýar. «Grafiki gurşawda modelirleme» we «Düzme» bölümleri bolsa okuwçylara grafiki gurşawda modelirleme, adaty geometrik gurallary, şeýle hem düzme düşünjesini we obýektleri, dürli görnüşli gurluşlary gurmak meselelerini özleşdirmäge kömek eder.

Bölümleriň mazmuny okuwçylary modelirleme, obýektleriň ýönekeý modellerini döretmek, nyşanlary ulanmak, bir model bilen işlenende gözleg ukyplaryny ulanmak we alnan netijeleri beýan etmek mümkinçilikleri bilen doly tanyşdyrýar.

«Pedagogik psihologiýa» atly täze okuw gollanmasy bolsa Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň teklibi esasynda Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty tarapyndan taýýarlanyldy.

Türkmen döwlet neşirýat gullugy tarapyndan neşir edilen kitabyň ýazyjylary – Ş.Hudaýberdiýew we E.Atdaýew.

Kitapda – gündelik durmuş, okuw pursatlary we bilim gurşawy nukdaýnazaryndan çagalaryň akyl taýdan ösüşi bilen baglanyşykly meseleleri jikme-jik öwrenýär we mugallymlara goýlan psihologiki talaplar bilen baglanyşykly anyk teklipleri berýär.

Täze kitabyň sahypalarynda pedagogik psihologiýa okuw dersiniň esasy ugurlary düşündirilýär, pedagogika we psihologiýa ylymlarynyň gelip çykyşlary, olaryň bilim-terbiýeçilik işindäki ähmiýeti, şeýle hem mümkinçilikleri hakyndaky ylmy maglumatlar anyk mysallarda getirilýär.

Okuw gollanmasyny taýýarlamakda daşary ýurt we ýerli psihologlaryň hususan-da, W.W.Dawydow, L.S.Wygotskiý, S.L.Rubinşteýn, A.N.Leontýew, A.R.Luriýa ýaly alymlaryň, şeýle hem tanymal türkmen hünärmenleriniň – B.Basarow, A.Nuhurow, E.Atdaýew ýaly psihologlaryň işlerinden peýdalanyldy.

Bu kitap ýurdumyzyň pedagogik institutlarynyň talyplary we mugallymlary üçin niýetlenip, mekdep mugallymlary we çagalar baglarynyň mugallymlary üçin tertip-düzgün aýratynlyklaryny, ýörelgelerini, okuw we ösüş usullaryny öwrenmäge kömek eder.

Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň başlangyjy bilen ýokary okuw jaýlarynyň talyplary üçin iňlis dili boýunça taýýarlanan «Module Exams Guide» atly okuw gollanmasy hem işlenip taýýarlanyldy.

Kitap CEFR – Ýewropa Geňeşi tarapyndan düzülip, daşary ýurt diline bolan başarnyklary bahalandyrmak üçin döredilen umumy ölçeg ulgamyna laýyklykda jogaply testleri öz içine alýar. Bu okuw gollanma Oxford English File kitabyň dördünji neşiriniň esasynda taýýarlanylyp, grammatika, söz baýlygy we sözleýiş dili ýaly esasy ugurlary öz içine alýar.

Bilim hünärmenleri tarapyndan maslahat berlen Myrat Mälikowyň bu täze kitaby ýokary okuw jaýlarynyň talyplary we iňlis dilini öwrenýänler üçin synaglara taýýarlykda ygtybarly gollanma bolar.