Ï Türkmen ýokary okuw mekdebinde Kent döwlet uniwersitetiniň wekili bilen duşuşyk boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen ýokary okuw mekdebinde Kent döwlet uniwersitetiniň wekili bilen duşuşyk boldy

view-icon 1977
Türkmen ýokary okuw mekdebinde Kent döwlet uniwersitetiniň wekili bilen duşuşyk boldy
camera-icon
Anastasiýa Kasýanowa

ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Merkezi Aziýadaky wekili Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetine bardy. Duşuşyk türkmen ýokary okuw mekdebiniň ýolbaşçy düzüminiň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirildi.

Çäräniň dowamynda myhmana uniwersitetiň taryhy, gurluşy, halkara hyzmatdaşlygy we ylmy işleri barada giňişleýin maglumat berildi. 

Öz nobatynda, ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wekili mähirli we göwnaçyk kabul edilendigi üçin ýokary okuw mekdebiň ýolbaşçylaryna hoşallyk bildirdi. Myhman iki ýurduň ýokary okuw mekdepleriniň arasynda özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ýola goýulmagynyň onuň alyp barýan işiniň ileri tutylýan ugurlarynyň biri bolup durýandygyny nygtady. Degişli ulgamlarda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmäge taýýardygyny beýan edip, Kent döwlet uniwersitetiniň wekili bu ugurda hemme zerur çäreleriň görüljekdigini belledi.

Duşuşykda taraplar ýakyn geljek üçin bilelikde işlemegiň meýilnamalaryny hem-de wezipelerini giňişleýin ara alyp maslahatlaşdylar. Ýokary okuw mekdepler tarapyndan geçirilýän çäreleriň netijeliligi we bu hyzmatdaşlygyň uly ähmiýeti bellenildi.

Mälim bolşy ýaly, geçen ýylyň oktýabrynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersiteti Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti bilen özara düşünişmek hakynda Ähtnama baglaşdylar. Resminama laýyklykda bilelikdäki ylmy-barlag taslamalaryny, bilim maksatnamalaryny durmuşa geçirmek, talyplary alyşmak hem-de beýleki ileri tutulýan wezipeler bellenildi.

Ikitaraplaýyn ylym-bilim hyzmatdaşlygyny giňeltmek maksady bilen şu ýylyň iýun aýynda türkmen ýokary okuw mekdebine ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň wise-prezidenti Marçello Fantoniniň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet geldi.

Häzirki wagtda iki uniwersitetiň arasyndaky Ähtnamanyň çäklerinde Türkmenistanyň ýokary bilim ulgamynda ilkinji gezek magistraturada «Işewürlik-dolandyrylyşy» taýýarlyk ugry boýunça iki diplom maksatnamasy baradaky ylalaşygyň taslamasy işjeň ýagdaýda işlenilip taýýarlanylýar.

Özara düşünişmek hakynda Ähtnamalaryň esasynda ABŞ-nyň Kent döwlet uniwersitetiniň Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty we Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty bilen hem işjeň hyzmatdaşlyk edýändigini bellemek gerek.

Amerikan we türkmen ýokary okuw mekdepleriniň arasynda ileri tutulýan birnäçe ugurlar boýunça netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Şolaryň hatarynda akademiki maksatnamalary giňeltmek, bilelikdäki bilim we ylym başlangyçlaryny, ylmy-barlag taslamalary döretmek, şeýle hem ýurtlaryň arasynda medeni alyşmalary berkitmek boýunça gatnaşyklar bar.