Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň 13-si «habarçy» derejesi bilen «THE World University Rankings 2026» diýen dünýä uniwersitetleriniň görkezijisiniň täze 22-nji neşiriniň sanawynda ýerleşdiler.
«Times Higher Education» (THE) diýen Britan guramasy tarapyndan ýakynda neşir edilen netijelere laýyklykda dünýä sanawyna D.Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty, Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty, Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika instituty, Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersiteti, Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersiteti, M.Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersiteti, Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersiteti, Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty, Türkmen oba hojalyk instituty, S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti, Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş instituty hem-de Türkmen döwlet maliýe instituty girdiler.
Bu waka türkmen ýokary okuw mekdepleriniň ýokary bilime baha bermegiň halkara ölçeglerine laýyk gelmäge, dünýäniň bilim giňişliginde eýeleýän orunlaryny berkitmäge we dünýäniň öňdebaryjy ýokary okuw mekdepleriniň hataryna goşulyşmaga ymtylýandyklaryny aýdyň görkezýär.
«World University Rankings» görkezijisi dünýäniň ýokary okuw mekdepleriniň işleriniň neneňsi üstünliklere beslenýändigini görkezýän has abraýly kesgitleýjileriň sanawyna girýär. Onuň taryhynyň gözbaşy 2004-nji ýyldan başlanýar we «Times Higher Education» (THE) britan guramasy tarapyndan her ýyl düzülýär we neşir edilýär.
Uniwersitetler ýokary okuw mekdepleriň işlerine toplumlaýyn baha bermäge mümkinçilik berýän iň täze usulyýet boýunça «THE»-niň halkara bilermenleri tarapyndan saýhallanylýar. Ol ýokary okuw mekdepleriň netijeliligini kesgitleýän möhüm ugurlaryň bäşisi boýunça düýpli oýlanyşylyp kesgitlenilen görkezijileriň 18-sine esaslanandyr. Şol ugurlar: okatmak, ylmy-barlag işlerini alyp barmak, barlaglaryň hili, senagat bilen özara gatnaşyklar we halkara mümkinçilikler diýen ugurlardyr.
Uniwersitetleriň ählumumy görkezijisine täze gatnaşyjylar depginli goşulýarlar. «THE World University Rankings 2026»-nyň 22-nji neşirine dünýäniň 115 ýurdundan we çäklerinden 2191 uniwersitet girizildi.
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri abraýly hem-de bütin dünýäde meşhur uniwersitetleriň görkezijisine işjeň gatnaşýarlar, olaryň biri «THE World University Rankings» görkezijisidir. Munuň özi ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň dünýä giňişligindäki abraýyny artdyrýar hem-de olaryň netijeliligiň we ösüşiň ýokary derejesiniň has ýokary hilli görkezijilerini gazanmak ugrunda neneňsi üstünlige eýe bolýandygyny görkezýär.