Ï «Çölleri özleşdirmek meseleleri» žurnalynyň täze sany
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

«Çölleri özleşdirmek meseleleri» žurnalynyň täze sany

view-icon 2250
«Çölleri özleşdirmek meseleleri» žurnalynyň täze sany

1967-nji ýylyň ýanwar aýyndan bäri Aşgabatda neşir edilýän «Çölleri özleşdirmek meseleleri» atly halkara ylmy-amaly žurnalynyň täze sany çapdan çykdy. Žurnalyň redaksiýasy Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli institutynyň binasynda ýerleşýär. Onuň redaksiýa topary we awtorlar topary Türkmenistanyň, Russiýanyň, Hytaýyň, Azerbaýjanyň, Gazagystanyň, Täjigistanyň, Özbegistanyň, Ysraýylyň görnükli çöl ylymlary boýunça alymlaryndan durýar.

Neşir ylmy jemgyýetçiligiň wekillerine öz işlerini, açyşlaryny we gazanan üstünliklerini, köpýyllyk barlaglaryň netijelerini görkezmäge mümkinçilik berýär.

Häzirki sanda on bir uly göwrümli makalalardan gowrak we birnäçe gysga habar ýerleşdirilipdir. Žurnalyň hemişelik temalarynyň arasynda Aral meselesi, peýdaly gazylyp alynýan magdanlary peýdalanmak, ylym we tehnikadaky innowasiýalar, ekspedisiýa hasabatlary, ýangyç-energetika toplumy, nebit-himiýa üçin teklipler, şeýle hem ýubileýler bar. Hususan-da, türkmen alymy, geologo-mineralogik ylymlarynyň kandidaty Anatoliý Buşmakiniň 90 ýaşy doldy. Bu sanda şol awtoryň Günbatar Türkmen çöketligindäki palçyk wulkanlary baradaky makalasy hödürlenýär. Makalalardan biri şu ýyl aradan çykan geografiýa ylymlarynyň doktory, professor, Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň habarçy-agzasy Amangylyç Babaýewe bagyşlanandyr.

Žurnalyň monografiýalary we alymlar toparynyň awtordaşlykda çap edilen neşirleri gurak sebitleriň oba hojalyk landşaftlarynda ýerden we suwdan peýdalanmaklygy toplumlaýyn dolandyrmak, Günbatar Türkmenistanda sowrulyş hadysalary, gurak şertlerde agromelioratiw maşynlaryň parametrleriniň nazary taýdan esaslandyrmasy, Gün elektrik stansiýalary üçin ýerli çig mallardan ýylylyk energiýasyny toplaýjy materiallaryň gözlegi meselelerine degişlidir. Garagumyň ýer üstüniň (relýefiniň) emele gelşiniň öwrenilişiniň taryhy, medeni görnüşleriň öňküleri – Türkmenistanyň Günorta-Günbatar böleginiň ýabany miweli agaçlary, Köýtendag döwlet tebigy goraghanasynyň ornitofaunasynyň ýagdaýy we onuň dermanlyk ösümlik dünýäsi, seýsmiki töwekgelçiligi bahalandyrmak, şeýle hem süýrenjileriň dünýäsiniň täze tapyndylary baradaky tema degişli makalalar gymmatly bilimleri öz içine alýar. «Ylym – önümçilige» sözbaşysyndaky makalalaryň arasynda Zägli-Derweze gurluşlyk belentliginiň nebit we gazly sebitinde önümçilik-tehniki suw üpjünçiligi meselesini çözmegiň geologiki esaslary (ýerasty gorlaryň toplanyşyna esaslanyp), gatlak suwlaryndan ýody almak mümkinçiligi, şol sanda ion alyş usuly, Ahal welaýatyndaky Bäherden sement zawodynyň ikinji nobatdaky desgalarynyň gurluşyk meýdançasynyň topragynyň şertleriniň derňewi bar.

Žurnalyň elektron görnüşi Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň web-sahypasynda ýerleşdirilendir. Bu neşiriň makalalaryndan başga-da, bu ýerde «Miras», «Türkmenistanda ylym we tehnika», «Ýaşlaryň ylmy we tehnikasy» žurnallary bilen hem tanşyp bolýar.