2025-nji ýylyň 31-nji martynda Nikosiýa şäheriniň Prezident köşgünde Türkmenistanyň Kipr Respublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi (oturýan ýeri Rim şäheri) T.Kömekowyň Kipr Respublikasynyň Prezidenti Nikos Hristodulidise ynanç hatyny gowşuryş dabarasy geçirildi.

2025-nji ýylyň 28-nji martynda Türkmenistanyň Russiýa Federasiýasyndaky Ilçihanasy Russiýa Federasiýasynyň Daşary işler ministrliginiň Diplomatik akademiýasy bilen bilelikde “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, 2025 – hyzmatdaşlyk we özara düşünişmek üçin başlangyç” atly ylmy-amaly maslahaty gurady.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň kanunçylyk binýadyny kämilleşdirmek boýunça kabul edilýän kadalaşdyryjy hukuknamalar toplumlaýyn we yzygiderli häsiýete eýedigi bilen tapawutlanýar.

2025-nji ýylyň 1-nji aprelinde Gruziýanyň Jemgyýetçilik habar beriş serişdesiniň edara binasynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Ilçisi D.Seýitmämmedow bilen edaranyň maglumatlar gullugynyň ýolbaşçysy E.Şoniýanyň arasynda duşuşyk geçirildi.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Garaşsyz, hemişelik Bitarap Diýarymyzyň gözel tebigatyny gorap saklamak, ýaş nesillerde türkmen tebigatyna söýgi döretmek boýunça netijeli işler alnyp barylýar.
