Ylym
02.02.2026
310
Kämil bilim, innowasion tehnologiýalar boýunça okuw-usuly maslahat geçirildi
Ýurdumyzyň bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, ýaş nesilleri ata-babalarymyzdan gelýän mukaddes ýörelgeler esasynda watançylyk ruhunda terbiýelemek, ýaşlara dünýä ülňülerine laýyklykda bilim bermek boýunça giň gerimli maksatnamalaýyn işler, şol sanda okuw-usuly maslahatlar we beýleki dürli çäreler yzygiderli geçirilýär.
31.01.2026
898
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnaly dörediler
Türkmenistanda ylym we bilim ulgamy sanly giňişlikdäki ornuny has-da pugtalandyrýar. Ministrler Kabinetiniň mejlisinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow «Ylmy barlaglar we innowasiýalar» atly ylmy-köpçülikleýin elektron žurnalyny döretmek baradaky başlangyjy makullady.
30.01.2026
298
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty okuwçylar üçin olimpiadalaryň tapgyryny geçirer
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty Türkmenistanyň orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda bu ýokary okuw mekdep tarapyndan diller boýunça geçirilýän olimpiadalara gatnaşmak üçin ýüztutmalary kabul edýär.
30.01.2026
225
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Kembrije okuw saparlary dowam edýär
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleriniň Merkezi Aziýanyň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümleri üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryna gatnaşmak maksady bilen 25 – 31-nji ýanwar aralygynda Kembrije guralan sapary dowam edýär.
30.01.2026
1362
Guşlar dünýäsi – Hazaryň türkmen kenarynyň bezegi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe barha pajarlap ösýän gül Watanymyzyň goýnunda Diýarymyzyň her bir sebitiniň özüne mahsus tebigy aýratynlyklary, biri-birinden tapawutlylykda gaýtalanmaýan gözellikleri bar.
29.01.2026
1706
«IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşigi geçirilýär
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty 20 – 21-nji aprelde onlaýn görnüşde «IT-Zehin: sanly synag – 2026» atly hakaton bäsleşigini geçirýär.
29.01.2026
1061
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebiniň wekilleri Koreýada hünär ýokarlandyryş okuwyny geçýärler
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň wekilleri – koreý dili mugallymy A.Seýitberdiýewa hem-de «Mugallymçylyk bilimi» (koreý dili, türkmen dili we edebiýaty) taýýarlyk ugrunyň talyplary «Feel Korea with KNU» atly koreý dili we medeniýeti boýunça gysga möhletli bilim maksatnamasyna gatnaşýarlar.
28.01.2026
1043
Talyplar materiallaryň garşylygy dersinden V Açyk halkara internet olimpiada gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň hem-de daşary ýurtlaryň ýokary okuw mekdepleriniň talyplaryny materiallaryň garşylygy dersi boýunça V Açyk halkara internet-olimpiadasyna gatnaşmaga çagyrýar.
27.01.2026
1135
Türkmenistanyň we Kataryň ýokary okuw mekdepleri ylmy-akademiki hyzmatdaşlygy ösdürýärler
26-njy ýanwarda Dohanyň Ylymlar we tehnologiýalar uniwersitetiniň (Katar) rektory Salem Nasser Al Nuaýminiň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Türkmenistana iş saparynyň çäklerinde ylym-bilim hyzmatdaşlygyny ösdürmek maksady bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutyna bardylar.
27.01.2026
1008
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri AELLCA maksatnamasy boýunça Kembrijde hünär derejesini ýokarlandyrýarlar
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň wekilleri 25-nji ýanwardan 1-nji fewrala çenli Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň Kembrij şäherindäki Merkezi Aziýanyň ýokary okuw mekdepleriniň ýolbaşçy düzümi üçin niýetlenen hünär derejesini kämilleşdiriş okuwyna gatnaşýarlar.