Ylym
05.02.2024
7202
Bilimiň hilini ýokarlandyrmak ugrunda täze ädim
Türkmenistanda milli bilim ulgamyna bilimiň hiline baha bermegiň halkara tejribesine esaslanýan häzirki zaman modellerini ornaşdyrmak maksady bilen, Bilim işiniň döwlet akkreditasiýasy baradaky düzgünnama tassyklandy.
05.02.2024
14126
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty mekdep okuwçylary üçin ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer
Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk instituty Türkmenistanyň umumy bilim berýän orta mekdepleriniň ýokary synp okuwçylarynyň arasynda ders bäsleşikleriniň tapgyryny geçirer. Okuwçylar üçin bäsleşikler Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldaw bermeginde ýokary okuw mekdebi tarapyndan guraldy.
03.02.2024
8407
Ýurdumyzda mekdep okuwçylarynyň we talyplaryň arasynda halkara olimpiadalary geçiriler
Sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde wise-premýer N.Amannepesow 2024-nji ýylyň mart-aprel aýlarynda geçiriljek halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahata we sergä görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
01.02.2024
8267
Türkmenistanyň Ilçisiniň Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 31-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Gruziýadaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi D.Seýitmämmedow bilen Gruziýanyň Milli Ylymlar akademiýasynyň prezidenti R.Metreweliniň arasynda duşuşyk geçirildi.
01.02.2024
7136
Türkmenistanyň Ilçisiniň Katar Döwletiniň Bilim we ýokary bilim ministri bilen duşuşygy
2024-nji ýylyň 30-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Katar Döwletindäki Ilçisi M.Seýitmämmedowyň Katar Döwletiniň Bilim, terbiýe we ýokary bilim ministri Buthaina bint Ali Al Jabr Al Nuaimi bilen duşuşygy boldy.
01.02.2024
24321
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty mekdep okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri instituty ýokary synp okuwçylaryny iňlis dili boýunça geçiriljek II olimpiada çagyrýar. Ol Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň goldamagynda ýokary okuw mekdebi tarapyndan guralýar.
31.01.2024
6697
ÝUNESKO-nyň Türkmenistandaky klublarynyň agzalary Magtymguly Pyraga bagyşlanan brifinge gatnaşdylar
Aşgabatda «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» diýen at bilen brifing boldy. Ol Türkmenistanyň ÝUNESKO-nyň işleri baradaky Milli toparynyň sekretariatynyň hem-de Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň «Dünýä dilleri» atly ÝUNESKO klubunyň bilelikde guramagynda geçirildi.
30.01.2024
7217
Türkmen talyplary ýaşlary alyşmagyň «MIRAI» maksatnamasynyň çäklerinde Tokioda okuw kämilleşdirişi geçdiler
Merkezi Aziýanyň we Kawkazyň ýurtlarynyň ýokary okuw mekdepleriniň ýaş hukukçylary we talyplary «Hukugyň ileri tutulmagy» atly ýaşlary alyşmagyň «MIRAI» maksatnamasynyň çäklerinde Tokioda bir hepdelik okuw kämilleşdirişini geçdiler. Ol Ýaponiýanyň Halkara Hyzmatdaşlyk Merkezi (JICE) tarapyndan guraldy.
30.01.2024
9813
Gaplaňgyr goraghanasy – 45 ýyl tebigy gymmatlyklaryň goragynda
Şu ýyl şanly senäni – döredilen gününiň 45 ýyllygyny belleýän Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň Gaplaňgyr döwlet tebigy goraghanasy 1979-njy ýylda Daşoguz welaýatynyň Demirgazyk-Günbatar böleginde döredildi.
29.01.2024
6959
Pensiýa ýaşyndaky adamlar üçin kompýuter okuwlarynyň diňleýjilerine şahadatnamalar gowşuryldy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasion-maglumat merkezinde hormatly dynç alyşdaky raýatlar üçin sanly ulgamyň sowatlylygyny geçmegiň okuwlarynyň birinji tapgyry tamamlandy.