02.08.2025
6064
Türkmenistanyň fransuz dili boýunça mugallymlary Nissada hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçdiler
13–26-njy iýul aralygynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň fransuz dili mugallymlary Fransiýanyň tebigy taýdan owadan ýerleriniň biri bolan Nissa şäherinde ýerleşen «Farnkofoniýa» dil merkezinde hünär ýokarlandyryş okuwyny geçdiler.
02.08.2025
4051
Türkmenistanda boş iş orunlarynyň hödürleniş çäreleri geçiriler
Türkmenistanyň Zähmet we ilaty durmuş taýdan goramak ministrliginiň habar bermegine görä, ýurduň Mary we Lebap welaýatlarynda boş iş orunlary boýunça hödürleniş çäreleri geçiriler.
01.08.2025
4725
Türkmenistanyň hususy pudagy — innowasiýalara we durnukly ösüşe itergi berýän güýç
«Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler (DÇBÖBD) boýunça üçünji maslahatynyň çäklerinde geçiriljek mazmunlaýyn çärelere bagyşlanan makalalar toplumyny dowam edip, Türkmenistanyň ählumumy gatnaşyklara işjeň gatnaşyjy we köpugurly diplomatik ýörelgelere ygrarly bolup, Milletler Bileleşigi bilen hyzmatdaşlygynyň yzygiderli ösüş ýolundadygyny görkezýändigini bellemek gerek.
01.08.2025
4185
Tebigy taýdan arassa, datly içgileriň öndürilişi has-da artýar
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolup durýan önümçilik düzümleri maksadalaýyk işleri durmuşa geçirýärler. Olar mukaddes ýurt Garaşsyzlygymyzyň şanly 34, hemişelik Bitaraplygymyzyň şöhratly 30 ýyllyk baýramlarynyň giňden belleniljek Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň her bir gününi guwandyryjy zähmet görkezijilerine besleýärler.
01.08.2025
3476
Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.
01.08.2025
5438
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary ÝHHG-niň howa diplomatiýasy boýunça okuw maslahatyna gatnaşdylar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 29-njy iýulda ÝHHG-niň Aşgabatdaky Merkezi tarapyndan guralan «Ýaşlaryň howa, howpsuzlyk we hyzmatdaşlyk meseleleri boýunça gepleşiklere gatnaşmagy: ÝHHG-niň öňdebaryjy tejribesi» atly okuw maslahatyna gatnaşdylar.
01.08.2025
2564
Köçelerde yşyklandyryşyň hil derejesi ýokarlanýar
Daşoguz şäherinde köçe yşyklandyryşynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça işler gyzgalaňly dowam edýär. Şu günlerde ýöriteleşdirilen «Daşoguzşäheryşyklandyryş» kärhanasynyň işgärleri könelen, az täsirli we köp energiýa sarp edýän yşyklandyryş enjamlaryny häzirki zaman talaplaryna laýyk gelýän, ýurduň elektronika önümlerini öndürýän HO «Aýdyň gijeler» kärhanasy tarapyndan öndürilen LED köçe çyralaryna çalyşýarlar.
01.08.2025
2240
Aşgabatda 100-nji we 45-nji belgili awtobuslaryň gatnawy üýtgedildi
Aşgabatdaky ýolagçy awtoulag kärhanasy 1-nji awgustdan Köpetdag şaýolunyň ugrunda abatlaýyş işleriniň geçirilýändigi sebäpli 100-nji belgili «Teke bazar – Arkadag şäheri» we 45-nji belgili «Teke bazar – Gökdere» ugurlary boýunça awtobuslaryň gatnawyny wagtlaýyn üýtgetdi.
01.08.2025
3369
Türkmenistanyň Prezidenti Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidentini gutlady
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Şweýsariýa Konfederasiýasynyň Prezidenti Karin Keller-Zuttere ýurduň milli baýramy — Konfederasiýa güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny iberdi.