10.12.2024
4191
Türkmenistanda Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Ýurtlarymyzyň arasynda ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary mundan beýläk-de goldamaga we berkitmäge çalyşmak bilen, men jenap Marsel Fortuna Biatony Braziliýa Federatiw Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldim.
10.12.2024
3138
Türkmenistanda Belgiýa Patyşalygynyň Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi işe başlady
Ýurtlarymyzyň arasyndaky hoşniýetli gatnaşyklary goldamaga we pugtalandyrmaga çalyşmak bilen, biz jenap Žýulen de Fraýpony Belgiýa Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi wezipesine bellemek kararyna geldik.
10.12.2024
12806
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany
Türkmenistanyň we Türkiýe Respublikasynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary berkitmekde, milli däp-dessurlary ösdürmekde hem-de iki doganlyk halkyň agzybirligini we jebisligini pugtalandyrmakda, ýaş nesle edep-terbiýe bermekde bitiren aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem iki döwletiň arasynda uzak ýyllardan bäri dowam edip gelýän syýasy, ykdysady, ylym-bilim, medeni ulgamlardaky hyzmatdaşlygy giňeltmäge goşan uly şahsy goşandyny göz öňünde tutup, Türki Döwletleriň Guramasynyň Aksakgallar geňeşiniň başlygy Binali Ýyldyryma Türkmenistanyň «Hormatly il ýaşulusy» diýen ady dakmaly.
10.12.2024
5814
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanda ýerleşýän daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşany bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe türkmen halkynyň medeni mirasyny, asyrlardan gözbaş alýan ruhy gymmatlyklaryny dikeltmekde, türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyry, beýik akyldary Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmekde, ony aýawly saklamakda, wagyz etmekde we geljek nesillere ýetirmekde, Garaşsyz, Bitarap Türkmenistanyň dünýä döwletleri, halkara guramalar bilen medeni gatnaşyklaryny ösdürmekde, medeniýetleri ýakynlaşdyrmakda we baýlaşdyrmakda, halklaryň arasynda dostlugy, hyzmatdaşlygy berkitmekde görkezen aýratyn hyzmatlary üçin, şeýle hem nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
10.12.2024
6246
Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllyk ýubileýi mynasybetli sylaglar gowşuryldy
Şu gün Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýäde giňden wagyz etmäge, nesilleri milli gymmatlyklarymyza, däp-dessurlarymyza hormat goýmak ruhunda, ynsanperwer häsiýetlerde terbiýelemäge uly goşandyny goşmak arkaly dürli ulgamlarda zähmet çekip, aýratyn tapawutlanan raýatlarymyzy hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken resminamalaryna laýyklykda, Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly, «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlar bilen sylaglamak dabaralary geçirildi.
10.12.2024
5123
Türkmenistanyň Prezidentiniň Permany Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýubileý medaly bilen sylaglamak hakynda
Türkmeniň beýik akyldar ogly we nusgawy şahyry Magtymguly Pyragy jöwher sözüň gudraty bilen şygryýet äleminde öçmejek yz galdyrdy. Onuň juda giň mazmunly şygyrlary kalbyňy heýjana salyp, ajaýyp durmuşy söýmäge, ynsan mertebesini belent tutmaga, adalatlylyga çagyrýar. Ähli döwürleriň nusgawy şahyrynyň il-ýurt, durmuş, adam ykbaly, söýgi baradaky örän düýpli pelsepä ýugrulan ölmez-ýitmez şygyrlary diňe bir türkmen halkyna däl, eýsem, külli adamzada ençeme asyrlaryň dowamynda ruhy lezzet berip gelýär. Şoňa görä-de, milli şahyrymyz we buýsanjymyz her bir türkmeniň öý-ojagynda, kalbynda we aňynda hemişelik ýaşaýar. Häzirki döwürde ynsanperwer beýik söz ussadynyň düýpsüz döredijilik dünýäsi hemmetaraplaýyn içgin öwrenilýär hem-de halk köpçüligine giňden ýetirilýär.
10.12.2024
6012
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary Türkmenistanyň «Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygyna» atly ýadygärlik nyşanlary bilen sylaglamak hakynda
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe nusgawy türkmen şahyry Magtymguly Pyragynyň döredijilik mirasyny öwrenmäge, dünýä ýaýmaga, ösüp gelýän ýaş nesilleri halkymyzyň asyrlaryň dowamynda emele gelen milli gymmatlyklaryna, däp-dessurlaryna hormat goýmak ruhunda, watançylyk, ýokary ahlaklylyk, zähmetsöýerlik, ynsanperwerlik, edermenlik we mertlik häsiýetlerinde terbiýelemäge goşan uly şahsy goşantlaryny nazara alyp, şeýle hem Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli, karar edýärin:
10.12.2024
4460
Moskwada Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna bagyşlanan «Ata pendi» atly film görkezildi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň 9-njy dekabrda bolup geçen giňişleýin mejlisinde tamamlanýan ýylyň dowamynda Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlyk boýunça amal eden işiniň netijelerini jemlemek bilen, ýurdumyzda we daşary ýurtlarda türkmen halkynyň beýik ogly Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň giňden bellenendigini nygtap geçdi.
10.12.2024
3912
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň täze sany çapdan çykdy
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky, üçünji sanynda ýurdumyzyň alymlarynyň Watanymyzyň ösüşinde ylmyň dürli pudaklarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ýerine ýetiren işleri ýerleşdirilipdir.
10.12.2024
5348
Türkmen futbolçylarynyň 2027-nji ýylda geçiriljek Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama oýunlaryndaky garşydaşlary belli boldy
Tailandyň, Hytaý Taýbeýiniň we Şri-Lankanyň milli ýygyndylary Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen Aziýa Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama oýunlaryna bije netijesinde türkmen futbolçylary bilen oýnarlar.