Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologik parkynyň «Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň nobatdaky, üçünji sanynda ýurdumyzyň alymlarynyň Watanymyzyň ösüşinde ylmyň dürli pudaklarynda ileri tutulýan ugurlar boýunça ýerine ýetiren işleri ýerleşdirilipdir.
«Metanyň suwuk gidrokarbonlara we wodoroda fiziki-himiki öwrülişikleriniň mehanizmleri» atly makalada metanyň H2/CO we H2/CO2 gatnaşygy bolan sintez gazlaryna fiziki-himiki öwrüliş mehanizmlerine garalypdyr, olaryň ylmy we amaly ähmiýeti esaslandyrylypdyr we suwuk uglewodorodlary we wodorod öndürmek üçin senagat taýdan ähmiýetli sintez-gazlaryň klassifikasiýasy işlenip düzülipdir.
«Energiýanyň gaýtadan dikeldilýän çeşmeleri esasyndaky energetika desgalaryny elektrik ulgama birikdirmegiň ylmy-tehnologik esaslandyrmasy» atly makala merkezi elektrik üpjünçilik bekedinden uzakda ýerleşýän sarp edijileri elektrik akymy bilen üznüksiz suratda üpjün etmek üçin gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmelerini ulanmak mümkinçiliklerine bagyşlanýar. Türkmenistanyň howa şertlerinde elektrik ulgamyna goşma fotoelektrik gün we ýel elektrik beketlerini birikdirmek shemasy teklip edilýär. Elektrik energiýasy ulgamyna birikmegiň usuly jikme-jik düşündirilýär we elektrik energiýasyny öndürmek üçin goşma ulgamlary taslamagyň ähmiýeti ýüze çykarylýar.
«Buraw erginleriniň önümli gatlaga täsiri» atly makalada beýan edilen ylmy agtaryşyň netijeleri hem amaly ähmiýete eýedir. Onda buraw suwuklyklarynyň aýratynlyklaryny deňeşdirmek esasynda burawlaýyş we önümçilik gatlagy özleşdirilýän wagtda öňünden taýýarlanan uglewodorod esasly erginleriň ykdysady taýdan maksada laýyk bolup, hil taýdan ýokary netijeleri berýändigi görkezilýär. «Sebitiň ulag ulgamynyň ýeke-täk maglumat giňişligi» atly makalada geomaglumat tehnologiýalaryny ulanmak bilen, bitewi maglumat giňişligini döretmegiň usuly beýan edilýär. Geomaglumat tehnologiýalary dürli görnüşli ulag merkezlerini ýeke-täk maglumat ulgamyna birleşdirýär. Bu ulgam sebitdäki üstaşyr nokatlar barada zerur maglumatlary öz içine alar we daşamaçylyk işini üstünlikli guramakda gowy netijeler berer. Beýan edilen usullar diňe bir üstaşyr ulgamlaryň bitewi maglumat giňişligi üçin däl, eýsem, ulag ulgamynyň beýleki ugurlary üçin hem ulanylýar.
«Häzirki zaman web serwerleriň içki gurluşy» atly makalada häzirki zaman web-serwerleriniň içki gurluşyna giňişleýin seljerme berilýär. Gizlin maglumatlary goramak we web-saýtlaryň hem amaly programmalaryň ygtybarlylygyny üpjün etmek üçin web-serweriň howpsuzlygyny üpjün etmegiň innowasion usullary derňelýär we web-serweriň gurluşyny hem düzüm böleklerini saýlamak boýunça geçirilen derňewleriň netijeleri beýan edilýär.
«Türkmenistanda innowasiýa tehnologiýalary» atly ylmy-amaly elektron žurnalynyň täze sanynda lukmançylyk ylmy demrew keselini seljermeden başlap, doly ýok etmäge çenli bejerginiň soňky ýyllarda ulanylýan innowasion usullarynyň giňişleýin derňewini üpjün edýän we dürli ýagdaýlar üçin dürli usullary teklip edýän
«Psoriaz barada häzirki zaman düşünjesi» atly makalada öz beýanyny tapypdyr. «Adaty hozuň liofilizirlenen gury ekstraktynyň alnyşy» atly makalada barlaghanada doňduryp guratma usullaryny ulanyp, ýabany ösýän hozuň ýapragyndan gury ekstrakt taýýarlamak boýunça ylmy gözlegleriň netijeleri beýan edilýär.