31.05.2024
5925
Bütindünýä welosiped gününi bellemegiň çäginde Türkmenistanda welosiped marafony başlandy
Şu gün Türkmenistanda her ýylyň 3-nji iýunynda bellenýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli welosiped ýaryşy başlandy.
31.05.2024
3830
Adalatçynyň diwanynyň maksady Adam hukuklaryny goraýan milli guramalaryň bütindünýä bileleşiginde resmileşdirilmegidir
2024-nji ýylyň 27-nji maýynda ýurdumyzda Adalatçynyň diwanynyň Türkmenistanda Adam hukuklary boýunça ygtyýarlandyrylan wekili Ýazdursun Gurbannazarowa bilen Adam hukuklaryny goraýan milli guramalaryň bütindünýä bileleşiginde (AHGBB) resmileşdirme boýunça geňeşiniň arasynda internet arkaly duşuşyk geçirildi.
30.05.2024
6057
Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygynyň Arkadag şäherine iş sapary
Şu gün türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy, Hormatly il ýaşulusy Gurbanguly Berdimuhamedow Arkadag şäherine iş saparyny amala aşyryp, şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda bina edilmegi meýilleşdirilýän dürli maksatly desgalaryň taýýarlanylan taslamalary, binalaryň bezeg aýratynlyklaryna degişli serişdeleriň görnüşleri bilen tanyşdy.
30.05.2024
4818
Saýlawlara taýýarlygyň möhüm tapgyry
Mälim bolşy ýaly, «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýyly diýlip yglan edilen 2024-nji ýylyň 7-nji iýulynda Aşgabat şäheriniň 1-nji «Garaşsyzlyk», 2-nji «Bitaraplyk» we 6-njy «Köpetdag» saýlaw okruglary boýunça Türkmenistanyň Mejlisiniň möhletinden öň çykyp giden deputatlarynyň ýerine geçiriljek saýlawlara işjeň taýýarlyk görülýär.
30.05.2024
10888
Biziň esasy wezipämiz ýokary bilimli, hakyky watançy nesilleri terbiýeläp ýetişdirmekden ybaratdyr
Döwletimiziň syýasy, ykdysady, medeni esaslaryny pugtalandyrmak, ýurdumyzy ösüşiň täze derejesine çykarmak üçin ylym-bilim kuwwatynyň herekete getirilmegi hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan durmuşa geçirilýän bilim syýasatynyň strategik maksatlary bolup durýar.
30.05.2024
5010
Aşgabatda Türkmenistanyň BSG-i bilen hyzmatdaşlygy temasy boýunça talyplaryň arasynda breýn-ring geçiriler
Ýakynlaşyp gelýän Ylymlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň arasynda «Türkmenistanyň Bütindünýä söwda guramasy bilen hyzmatdaşlygy» atly tema boýunça breýn-ring geçiriler.
30.05.2024
4213
Türkmenistanly türgenler Indoneziýada geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionatynda dört medal eýelediler
Türkmenistanly türgenler Jakartada (Indoneziýa) geçirilen kiokuşinkaý karate boýunça dünýä çempionatynda iki altyn we iki kümüş medal gazandylar.
30.05.2024
4966
Türkmenistanda Bütindünýä welosiped güni mynasybetli çäreler geçirilýär
Paýtagtymyzda 3-nji iýunda bellenilýän Bütindünýä welosiped güni mynasybetli baýramçylyk çäreleri welotrek boýunça Türkmenistanyň birinjiligi bilen başlandy.
30.05.2024
4020
Türkmenistan bilen Şri-Lankanyň arasynda syýasy geňeşmeler geçirildi
2024-nji ýylyň 30-njy maýynda Türkmenistanyň we Şri-Lanka Demokratik Sosialistik Respublikasynyň Daşary işler ministrlikleriniň gurluş düzümleriniň ýolbaşçylarynyň arasynda wideo aragatnaşyk arkaly geňeşmeler geçirildi.
30.05.2024
3682
Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky edarasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili bilen Human Rights Watch guramasynyň wekilleriniň arasynda duşuşyk geçirildi
2024-nji ýylyň 28-nji maýynda Türkmenistanyň BMG-niň Ženewadaky wekilhanasynyň ýanyndaky Hemişelik wekili Wepa Hajiýew bilen hökümete degişli bolmadyk Human Rights Watch guramasynyň Ženewadaky edarasynyň müdiri Hilary Poweriň arasynda duşuşyk geçirildi.