Hyzmatdaşlyk
22.09.2023
6855
Türkmenistanyň çöl ekoulgamlary ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi
2023-nji ýylyň 20-nji sentýabrynda Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçirilen Bütindünýä mirasy komitetiniň 45-nji mejlisinde Türkmenistanyň “Bereketli Garagum”, “Gaplaňgyr”, “Repetek” we “Ýerajy” täsin çöl ekoulgamlary Türkmenistan, Gazagystan Respublikasy we Özbegistan Respublikasy tarapyndan bilelikde hödürlenýän “Turanyň sowuk gyş çölleri” transmilli nominasiýasynyň çäklerinde ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna girizildi. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
22.09.2023
4205
Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi Ýapon-Türkmen parlamentara dostluk toparynyň başlygy bilen duşuşdy
2023-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda Ýaponiýanyň Parlamentiniň wekiller palatasynyň binasynda Türkmenistanyň Ýaponiýadaky ilçisi A.Baýramow bilen Ýapon-türkmen Parlamentara dostluk toparynyň başlygy T.Endonyň arasynda duşuşyk geçirildi. Bu barada ýurdumyzyň daşary syýasat edarasynyň resmi web-saýtynda habar berilýär.
20.09.2023
5944
Merkezi Aziýa we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji forumy geçirildi
2023-nji ýylyň 19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky Türkmenistanyň parlamentiniň wekiliýeti Seulda Merkezi Aziýa ýurtlarynyň we Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň “Geljege gönükdirilen özara bähbitli gatnaşyklary ösdürmek” atly ilkinji Maslahata gatnaşdy.
19.09.2023
6889
Arkadagly Serdarymyz Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, Ählumumy howpsuzlyk strategiýasyny işläp taýýarlamak mümkinçiligini ara alyp maslahatlaşmaga başlamagy teklip etdi.
19.09.2023
4735
Türkmenistanyň Prezidenti dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy
Hormatly Prezidentimiz Nýu-Ýork şäherinde Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Asssambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, dünýäde BMG-niň ýerini tutjak edaranyň ýokdugyny aýtdy.
19.09.2023
4548
Türkmenistanyň Prezidenti BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Nýu-Ýorkda Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde çykyş edip, BMG-ni howpsuzlygyň bölünmezlik ýörelgelerini üpjün etmeklige çagyrdy.
18.09.2023
8195
Türkmenistanyň Mejlisiniň wekiliýeti Koreýa Respublikasynda iş saparda bolýar
2023-nji ýylyň 17-19-njy sentýabrynda Türkmenistanyň Mejlisiniň Başlygy D.Gulmanowanyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet Koreýa Respublikasyna iş saparyny amala aşyrýar. Saparyň maksady Merkezi Aziýa – Koreýa Respublikasynyň parlament ýolbaşçylarynyň ilkinji duşuşygyna gatnaşmakdan ybarat. Bu barada Türkmenistanyň DIM-i habar berýär.
15.09.2023
6021
Hormatly Prezidentimiz Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmegi teklip etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Araly halas etmegiň halkara gaznasynyň şertnamalaýyn-hukuk binýadyny kämilleşdirmek hem-de geljekki işleriň maksatlaryny we wezipelerini kesgitlemek boýunça çäreleri işjeňleşdirmegi teklip etdi.
14.09.2023
5469
Türkmenistanyň wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumyna gatnaşdy
2023-nji ýylyň 14-nji sentýabrynda Duşenbede Täjigistanyň milli kitaphanasynyň binasynda “Sanly ykdysadyýet, elektron söwda we innowasiýalar” mowzugy boýunça Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Ykdysady forumy açyldy.
14.09.2023
5199
Hormatly Prezidentimiz BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda ýurdumyzyň başlangyçlaryny beýan etdi
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Duşenbe şäherinde geçirilen Merkezi Aziýa döwletleriniň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygynda Türkmenistanyň BMG-niň Baş Assambleýasynyň 78-nji sessiýasynda dünýä bileleşiginiň garamagyna birnäçe başlangyçlary, şol sanda Merkezi Aziýany ösdürmek bilen gönüden-göni bagly başlangyçlary teklip etmegi göz öňünde tutýandygyny belledi.