Hyzmatdaşlyk
03.08.2025
3209
Türkmenistan — BMG: hyzmatdaşlygyň taryhynda täze tapgyr
Şu gün Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterriş Hazaryň kenarynda geçirilýän BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatyna gatnaşmak maksady bilen ýurdumyza geldi.
03.08.2025
3273
Hazaryň türkmen kenary — giň möçberli halkara forumyň geçirilýän merkezi
Şu gün «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda Birleşen Milletler Guramasynyň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan döwletler boýunça üçünji maslahatynyň başlanmagy mynasybetli baýdak galdyrmak dabarasy geçirildi.
02.08.2025
4709
BMG-niň maslahatynyň myhmanlary «Awaza» milli syýahatçylyk zolagyna gelip başladylar
Türkmen halkyna mahsus bolan mähir we myhmansöýerlik bilen «Awaza» milli syýahatçylyk zolagy 4–8-nji awgust aralygynda geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatynyň ilkinji myhmanlaryny garşylaýar.
01.08.2025
3607
Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik işini tamamlaýar
2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginde Türkmenistan Daşary işler ministriniň orunbasary Ahmet Gurbanow bilen Taýland Patyşalygynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi Aşgabatdaky diplomatik missiýasyny tamamlaýan Apirat Sugondhabhiriň (oturýan ýeri Ankara ş.) arasynda duşuşyk geçirildi.
31.07.2025
5021
Hyzmatdaşlyk arkaly ösüş Hereketleriň Awaza maksatnamasynyň esasy mazmunyny kesgitlär
Ýene sanlyja günden Türkmenistan BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyny — dürli yklymlarda ýerleşýän 32 döwletde ýaşaýan 570 milliondan gowrak adamyň durmuşyndaky özgertmeler bilen baglanyşykly dünýä ähmiýetli çäräni kabul eder.
31.07.2025
3786
Türkmenistanyň we Seýşeller Respublikasynyň daşary syýasat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi
2025-nji ýylyň 31-nji iýulynda Türkmenistanyň Daşary işler ministri Raşid Meredow bilen Seýşeller Respublikasynyň Daşary işler we syýahatçylyk ministri Silwester Radegondyň arasynda telefon arkaly söhbetdeşlik geçirildi.
29.07.2025
3493
Parlamentara dialog — parahatçylygy we hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagyň ýoly
BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna bagyşlanan makalalar toplumynyň ozalky sanlarynda bellenilişi ýaly, Türkmenistan «Awaza» milli syýahatçylyk zolagynda ýokary wekilçilikli forumyň geçirilmegine döwletleriň arasynda dostlugy we özara düşünişmegi pugtalandyrmakda, syýasy, ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda netijeli hyzmatdaşlyk formatlaryny döretmekde ýurdumyzyň goşýan ägirt uly goşandynyň ykrar edilmesi hökmünde garaýar.
29.07.2025
2985
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň mejlisi geçirildi
2025-nji ýylyň 28-nji iýulynda Azerbaýjan Respublikasynyň Baku şäherinde ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça türkmen-azerbaýjan hökümetara toparynyň 8-nji mejlisi geçirildi.
29.07.2025
4428
Tokioda “2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna” bagyşlanan çagalaryň surat bäsleşigi geçirildi
2025-nji ýylyň 29-njy iýulynda Tokio şäherinde Türkmenistanyň Ýaponiýadaky Ilçihanasy bilen Ýaponiýanyň «Fujisan Çidama» atly çagalar geňeşiniň bilelikde guramagynda «2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» mynasybetli çagalaryň surat bäşleşigi geçirildi. Çärä «Fujisan Çidama» geňeşiniň ýolbaşçylary we çagalar gatnaşdylar.
25.07.2025
3867
Türkmenistanyň HHR-daky Ilçisiniň Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy
2025-nji ýylyň 24-nji iýulynda Türkmenistanyň Hytaý Halk Respublikasyndaky Ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Ilçisi bilen Hytaýyň Halkara söwda goldaw bermek boýunça geňeşiniň (CCPIT) Başlygynyň orunbasary bilen duşuşygy boldy.