Resmi
22.04.2022
7770
Türkmenistanyň adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparynyň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistanyň Adam hukuklary babatda halkara borçnamalarynyň we halkara ynsanperwer hukugynyň ýerine ýetirilmegini üpjün etmek boýunça Pudagara toparyň işini kämilleşdirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.04.2022
8543
“Nebitmaş” döwlet kärhanasyna “Таджикская Алюминиевая Компания” AGPJ bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurduň ykdysady kuwwatyny has-da berkitmek, gaýtadan işleýän senagat önümçiliklerini innowasion esasda ýola goýmak, içerki bazarlary daşary ýurtlarda öndürilýän harytlaryň ornuny tutýan harytlar bilen bolelin üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Senagat we gurluşyk önümçiligi ministrliginiň “Nebitmaş” döwlet kärhanasyna önümçilik işlerinde zerur bolan 7 müň tonna sozulan alýumini hem-de 3 müň tonna guýma alýumin taýynçlaryny satyn almak barada Täjigistan Respublikasynyň “Таджикская алюминиевая компания” (TALCO) açyk görnüşli paýdarlar jemgyýeti bilen şertnamalary tapgyrlaýyn baglaşmaga ygtyýar berildi.
22.04.2022
7780
Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine “John Deere Walldorf GmbH & Co. KG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda özgertmeleri üstünlikli durmuşa geçirmek we pudagyň maddy-tehniki binýadyny has-da pugtalandyrmak hem-de oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny, olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny tapgyrlaýyn satyn almak maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrligine oba hojalyk tehnikalaryny, gurallaryny hem-de olar üçin ätiýaçlyk şaýlaryny 2022-nji ýylda Türkmenistana getirmek şertinde satyn almak barada Germaniýa Federatiw Respublikasynyň “John Deere Walldorf GmbH & Co.KG” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
22.04.2022
6131
Maliýe bazarlaryny dolandyrmagy ygtyýarlylandyrmaga degişli edildi
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gymmatly kagyzlaryň bazaryny has-da ösdürmek maksady bilen, şeýle hem “Işiň aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak hakynda” Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi.
22.04.2022
7485
Döwlet Baştutanymyz “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik ýörelgelerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Serdar Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň mukaddes Gadyr gijesi mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi. Günäsi geçilen raýatlar mundan beýläk azatlykdan mahrum etmek görnüşindäki esasy jeza çäresini çekmekden boşadyldy.
20.04.2022
10213
Döwlet Baştutanymyzyň gol çeken resminamalary
Daşary ýurt raýatlaryna «Türkmenistanyň at gazanan atşynasy» diýen hormatly ady dakmak hakynda
19.04.2022
10642
Türkmenistanyň Prezidentiniň O.Gurbannazarow hakynda Permany
Orazmyrat Gurbannazarowy, saglyk ýagdaýy sebäpli, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministri wezipesinden boşatmaly.
19.04.2022
11086
Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek B.Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi
Türkmenistanyň Prezidentiniň Karary bilen, Türkmenistanyň söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň wezipesini wagtlaýyn ýerine ýetirmek söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministriniň orunbasary Begenç Hojagulyýewiç Goçmollaýewiň üstüne ýüklenildi.
17.04.2022
7333
Hökümetara türkmen-katar toparynyň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Katar Döwletiniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Söwda-ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki hökümetara türkmen-katar toparynyň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.
17.04.2022
10824
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň Türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy
Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmek, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady, ylmy-tehniki we medeni-ynsanperwer gatnaşyklary has-da giňeltmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda Hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki komitetiň türkmen böleginiň düzümi tassyklanyldy.