Resmi
20.09.2021
6521
Döwlet Baştutanymyz iş kesilenleriň günäsini geçmek hakynda Permana gol çekdi
Beýik ata-babalarymyzyň bize wesýet eden rehimdarlyk we ynsanperwerlik däplerini goldanyp, türkmen jemgyýetiniň hem-de her bir maşgalanyň agzybirligini we bitewüligini has-da pugtalandyrmak maksady bilen, şeýle hem Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow “Iş kesilenleriň Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 30 ýyllyk baýramy mynasybetli günäsini geçmek hakynda” Permana gol çekdi.
20.09.2021
5976
«Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty—halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady» atly halkara maslahatyny ýokary derejede geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi
Türkmenistanyň başlangyjy bilen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň Kararnamasy esasynda 2021-nji ýylyň “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýlip yglan edilmegi mynasybetli “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň we ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli halkara maslahaty geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy. Şeýle hem resminama laýyklykda, Guramaçylyk toparyna “Parahatçylyk we ynanyşmak syýasaty — halkara howpsuzlygyň, durnuklylygyň hem-de ösüşiň binýady” atly halkara maslahaty ýokary derejede guramak we geçirmek boýunça utgaşdyryş işlerini amala aşyrmagy üpjün etmek tabşyryldy.
20.09.2021
4332
Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitiň Guramaçylyk topary döredildi
Türkmenistanyň Hazar deňzi boýunça öňe süren başlangyçlaryny iş ýüzünde amala aşyrmak, şeýle hem Türkmenistanda geçiriljek VI Hazar sammitine düýpli taýýarlyk görmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli sammitiň Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
20.09.2021
7839
Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi
Türkmenistanyň 2021-nji ýylda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasynda başlyklyk etmeginiň Konsepsiýasyndan gelip çykýan wezipelere laýyklykda, Türkmenistanda Ykdysady Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletleriň döwlet Baştutanlarynyň 15-nji duşuşygyny guramaçylykly we ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama bilen, degişli duşuşygy geçirmek boýunça Guramaçylyk topary döredildi we onuň düzümi tassyklanyldy.
20.09.2021
6129
Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýet agzalary Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolar
Türkmenistanyň Prezidenti Buýruga gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň we Özbegistan Respublikasynyň arasyndaky hoşniýetli hem-de özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek maksady bilen, Lebap we Daşoguz welaýatlarynyň wekiliýetleri 2021-nji ýylyň 22-nji sentýabrynda degişlilikde, Özbegistan Respublikasynyň Buhara we Horezm welaýatlarynda gulluk iş saparynda bolar.
19.09.2021
5656
Türkmenistanyň Prezidenti çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi
Türkmenistanyň Prezidenti, Türkmenistanyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy Gurbanguly Berdimuhamedow Çagyryş boýunça harby gullugy geçýän harby gullukçylary Türkmenistanyň Ýaragly Güýçlerinden, beýleki goşunlaryndan we harby edaralaryndan harby gullukdan boşatmak we Türkmenistanyň raýatlarynyň harby gulluga nobatdaky çagyrylyşy hakynda Permana gol çekdi we Türkmenistanyň Konstitusiýasyna hem-de «Harby borçlulyk we harby gulluk hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, karar etdi:
19.09.2021
5352
Döwlet Baştutanymyz Türkmenistanyň raýatlygyna kabul etmek hakynda Permana gol çekdi
Ata-babalarymyzyň adamkärçilik, ynsanperwerlik we ýagşylyk etmek ýaly däplerinden ugur alyp hem-de adam hukuklaryny we azatlyklaryny goramak bilen bagly halkara hukugynyň umumy ykrar edilen kadalaryna eýerýändigimize esaslanyp, adamlaryň raýatlygy erkin saýlap almak hukugyny nazara almak bilen, şeýle hem «Türkmenistanyň raýatlygy hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, Türkmenistanyň Prezidenti Permana gol çekdi. Resminama laýyklykda, Türkmenistanyň çäginde hemişelik ýaşaýan, raýatlygy bolmadyk adamlaryň uly topary Türkmenistanyň raýatlygyna kabul edildi.
16.09.2021
4103
«Türkmengeologiýa» gözleg-barlag işlerini geçirmek üçin Singapuryň kompaniýasy bilen şertnama baglanyşar
“Türkmenistanyň nebitgaz senagatyny ösdürmegiň 2030-njy ýyla çenli döwür üçin Maksatnamasyna” laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasynyň öňünde goýlan wezipeleri üstünlikli durmuşa geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmengeologiýa” döwlet korporasiýasyna Günbatar Türkmenistanyň Balkanýaka zolagynyň Goturdepe ýatagynyň gündogar böleginde 3D ölçegli gözleg-barlag işlerini hem-de Günorta Burun meýdançasynda 2D ölçegli gözleg-barlag işlerini geçirmek barada Singapuryň “Yug-Neftegaz Private Limited” kompaniýasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
16.09.2021
5932
«Türkmen atlary» Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek üçin «Berk ýol» HJ bilen şertnama baglanyşar
Berkarar döwletimiziň bagtyýarlyk döwründe türkmen halkynyň milli buýsanjy we baýlygy bolan behişdi bedewlerimiziň dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende galdyrmak hem-de Türkmen bedewiniň milli baýramy mynasybetli çäreleri ýokary derejede geçirmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, “Türkmen atlary” döwlet birleşigine Balkan atçylyk sport toplumynyň çapuw ýodasynyň durkuny täzelemek we oňa döwrebap örtügi düşemek boýunça işleri ýerine ýetirmek barada “Berk ýol” hojalyk jemgyýeti bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
16.09.2021
3683
Türkmenistanyň Prezidenti Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawyny hem-de şu wekilhananyň wezipe sanawyny tassyklady
“Diplomatik gulluk hakyndaky” we “Türkmenistanyň daşary ýurt döwletlerindäki diplomatik wekilhanalarynyň statusy hakyndaky” Türkmenistanyň Kanunlaryna laýyklykda, şeýle hem Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny işgärler bilen berkitmegi we olaryň öz üstüne ýüklenen wezipelerini netijeli ýerine ýetirmegini üpjün etmek maksady bilen, Türkmenistanyň Prezidenti Karara gol çekdi. Resminama laýyklykda, Birleşen Milletler Guramasynyň ýanyndaky (Nýu-Ýork şäheri) Türkmenistanyň Hemişelik wekilhanasyny 2021-nji ýylda saklamak üçin çykdajylaryň sanawy hem-de şu wekilhananyň wezipe sanawy tassyklanyldy.