Sport
13.10.2026
2582
«Arkadag» topary Türkmenistanyň dört gezek çempiony hökmünde «Köpetdag» toparyny ýeňdi
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň Ýokary ligasynyň toparlarynyň arasynda geçirilýän çempionatyň 28-nji tapgyrynyň duşuşygynda paýtagtymyzyň «Köpetdag» toparyny 5:0 hasabynda ýeňdi.
12.10.2026
2502
«Arkadag» futbol topary yzly-yzyna dördünji gezek Türkmenistanyň çempiony boldy
«Arkadag» futbol topary Türkmenistanyň çempiony diýen adyny gorap saklady. Döwlet ähmiýetli «Arkadag» şäheriniň adybir topary bu üstünligi milli çempionatyň tamamlanmagyna bäş tapgyr galanda, 23-nji tapgyryň çäklerinde «Ahal» toparyny 4:0 hasabynda ýeňmek bilen gazandy.
12.10.2026
2633
Türkmenistanyň küşt boýunça çempionatynyň ikinji ligasynyň saýlama tapgyry tamamlandy
Paýtagtymyz Aşgabatda, Daşoguzda, Türkmenabatda we Maryda Türkmenistanyň küşt boýunça 2026-njy ýyldaky çempionatynyň ikinji ligasynyň saýlama tapgyrlary tamamlandy.
07.10.2026
3732
Türkmen türgenleri XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny iki kümüş medal bilen tamamladylar
Türkmen türgenleri Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde iki hepde dowam eden XX tomusky Aziýa oýunlaryndaky çykyşlaryny iki kümüş medal bilen tamamladylar.
07.10.2026
3532
Türkmen tennisçileri Täjigistanda ATF bäsleşiginde sekiz medala eýe boldular
Ýaş türkmen tennisçileri 14 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Duşanbede geçirilen Aziýanyň Tennis federasiýasynyň halkara ýaryşlarynyň üçüsinde sekiz görnüş boýunça medallara mynasyp boldular.
05.10.2026
4391
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Samarkantda geçirilen Olimpiadada kümüş medallara mynasyp boldular
Türkmenistanyň zenanlar ýygyndysy Samarkantda tamamlanan 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda reýting boýunça «B» derejesinde kümüş medallara mynasyp boldy. Türkmen küştçi gyzlarynyň bu üstünligi 11-nji, jemleýji tapgyrda 32-nji belgide ýer alan Belarus Respublikasynyň ýygyndysyny 3,5:0,5 hasabynda ynamly ýeňmegi bilen kesgitlendi.
04.10.2026
3256
Türkmen dzýudoçylary Bakuda geçirilýän dünýä çempionatynda çykyş edýärler
Türkmen türgenleri şu gün Azerbaýjanyň paýtagty Baku şäherindäki Milli gimnastika meýdançasynyň binýadynda badalga alan dzýudo boýunça XXXIX dünýä çempionatyna gatnaşýarlar. Baku şäheri 2018-nji ýyldan soň dünýäniň baş ýaryşyny ikinji gezek kabul edýär.
03.10.2026
2897
Türkmen türgenleri dokuz aýda 554 medal gazandylar
Şu ýylyň ýanwar-sentýabr aýlarynda türkmen türgenleri halkara ýaryşlarda jemi 554 medal gazanmagy başardylar.
02.10.2026
2016
Türkmen agyr atletikaçysy Şahzadbek Matýakubow Ýaponiýada geçirilýän 2026-njy ýylyň Aziýa oýunlarynda kümüş medal gazandy
Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň medallar gaznasyna Ýaponiýanyň Nagoýa şäherinde geçirilýän XX tomusky Aziýa oýunlarynda ikinji kümüş medal goşuldy.
30.09.2026
3501
Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynda işler ylmy taýdan esaslandyrylan çemeleşme esasynda alnyp barylýar
Ýurdumyzda Türkmenistanyň Prezidentiniň Ahalteke atçylyk toplumynyň dabaraly açylyşy boldy. Dabara türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow gatnaşdy.