Sport
23.09.2026
1392
Samarkantda geçýän Olimpiadada türkmen küştçüleri Daniýanyň toparyndan üstün çykdylar
Häzirki wagtda Samarkantda dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler ýygyndy topary dördünji gezek ýeňiş gazandy. Altynjy tapgyrda türkmen küştçüleri ilkinji üç tagtada halkara grossmeýsterler, dördünji tagtada bolsa halkara ussatlary reýtingde 25-nji orny eýeleýän Daniýanyň toparyny 3,5:0,5 hasabynda utdular.
21.09.2026
3624
Türkmen türgenleri XX tomusky Aziýa oýunlaryna girişdiler
Türkmen türgenleri Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherinde başlanan XX tomusky Aziýa oýunlarynda çykyş etmäge başladylar. Dünýäniň dürli künjeklerinden, şol sanda Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň hem janköýerleri indi iki hepde bäri her dört ýylda bir gezek geçirilýän köpugurly sport ýaryşlaryny sypdyrman, tomaşa edýärler.
20.09.2026
3082
Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda her biri üç ýeňiş gazandy
Özbegistanyň Samarkant şäherinde dowam edýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasynda Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary üçünji ýeňşini gazandylar.
18.09.2026
2739
Türkmenistanly türgenler Ýaponiýada geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar
Türkmen türgenleri 19-njy sentýabrda Ýaponiýanyň Aýti prefekturasynyň merkezi Nagoýa şäherindäki «Paloma Mizuho» stadionynda geçiriljek XX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gatnaşarlar.
17.09.2026
3633
Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasyny ýeňiş bilen başladylar
Türkmenistanyň erkekler we zenanlar toparlary 2026-njy ýylyň 15 –27-nji sentýabry aralygynda “Silk Road Samarkand” halkara sergi merkezinde geçirilýän 46-njy Bütindünýä küşt Olimpiadasyna ýeňiş bilen başladylar.
16.09.2026
4238
«Arkadag» topary ýaryşy Bahreýniň «Al-Muharrak» toparyndan üstün çykmak bilen başlady
Türkmenistanyň «Arkadag» futbol topary AFK-2 Çempionlar ligasynyň 2026/27 möwsüminiň toparçalar tapgyryny üstünlikli başlady. «B» toparçanyň çäginde geçirilen ilkinji duşuşyk Arkadag şäherindäki 10 müň tomaşaça niýetlenen stadionda geçirildi. Onda ýerli topar Bahreýniň 36 gezek çempiony bolan «Al-Muharrak» toparyndan 1:0 hasabynda üstün çykdy. Ýeke-täk ýeňiş goluny duşuşygyň 52-nji minutynda Mekan Saparow geçirdi.
14.09.2026
4389
AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasy: “Arkadag” futbol topary Bahreýniň “Al-Muharrak” futbol topary bilen duşuşar
AFK-nyň 2-nji Çempionlar ligasynyň 2026-2027-nji ýyllar möwsüminde ýurdumyzyň “Arkadag” futbol topary Bahreýniň “Al-Muharrak” futbol topary bilen 15-nji sentýabrda duşuşar.
14.09.2026
3770
“Ahal” we “Altyn asyr” toparlary ilkinji üçlükdäki orunlaryny berkidýärler
Ýokary liganyň toparlarynyň arasynda Türkmenistanyň futbol boýunça çempionatynyň 20-nji tapgyry geçirildi.
12.09.2026
2766
«Arkadag» we «Ahal» toparlary Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Kubogynyň finalyna tarap bir ädim ätdiler
«Arkadag» we «Ahal» futbol toparlary ilkinji ýarym final oýunlarynda ynamly ýeňiş gazanmak bilen, Türkmenistanyň 2026-njy ýyl Kubogynyň finalyna çykmak üçin, uly tagalla etdiler.
12.09.2026
2855
Türkmenistanyň toparlary Samarkantda geçiriljek 46-njy Bütindünýä küşt olimpiadasyna gatnaşarlar
15 – 27-nji sentýabr aralygynda dünýä küşt jemgyýetçiliginiň ünsi Özbegistanyň Samarkant şäherine gönükdiriler.