Sport
03.10.2023
8367
Türkmenistanly kuraş ussatlary Hançžouda geçýän Aziýa oýunlarynda üçünji medaly gazandylar
Türkmenistanly kuraş ussatlary şu gün Hançžou şäherinde geçýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda üçünji medaly gazandylar. Göreşiň bu görnüşi boýunça ýaryşyň soňky gününde topara bürünç baýragy Işanmyrat Ataýew getirdi.
01.10.2023
6765
Türkmenistanly boksçy Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynda ýarym finala çykdy
Hytaýyň Hançžou şäherinde dowam edýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň toparynda ýene bir medal peýda bolar.
29.09.2023
7190
Türkmenistanly boksçysy Hançžouda geçirilýän Aziýa oýunlarynyň çärýek finalyna çykdy
Türkmen türgeni Baýramdurdy Nurmuhammedow Hytaýyň Hançžou şäherinde geçirilýän XIХ tomusky Aziýa oýunlarynda boks ýaryşynyň çärýek finalyna çykdy. Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň 21 ýaşly talyby 23 boksçynyň medallar ugrunda bäsleşýän 71 kilograma çenli agram derejesinde ikinji gezek ýeňiş gazandy.
28.09.2023
7643
Türkmenistanly eminlere Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynda eminlik etmek ynanyldy
Şu ýylyň 23-nji sentýabryndan 9-njy oktýabry aralygynda Hytaýyň gündogaryndaky Çžetsýaň welaýatynyň paýtagty Hançžou şäherinde geçýän XIX tomusky Aziýa oýunlaryna türkmenistanly türgenler bilen bir hatarda eminler-de gatnaşýarlar. Aziadanyň maksatnamasyndaky küşt ýaryşynda halkara derejeli emin Wladimir Annaýew işleýär. Dzýudo ýaryşlarynda bolsa Halkara dzýudo federasiýasynyň iň ýokary «A» derejeli emini Röwşen Amandurdyýew emin boldy.
27.09.2023
6619
Türkmenistanly boksçy Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynda ikinji tapgyra çykdy
Türkmen boksçulary Hytaýyň Hançžou şäherinde dowam edýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda ilkinji gezek ýeňiş gazandylar. Bu üstünlige Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynyň talyby Baýramdurdy Nurmuhammedow ýetdi.
26.09.2023
6109
TTF-niň ýolbaşçysy ITF-niň kongresine gatnaşdy we milli federasiýalaryň ýolbaşçylarynyň arasynda geçirilen tennis ýaryşynda ýeňiji boldy
Şu gün Meksikanyň Kankun şäherinde Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) kongresi tamamlandy. Kongresde bu sport guramasynyň prezidentiniň we geňeş agzalarynyň saýlawlary geçirildi. Bu çärä Türkmenistan tennis federasiýasynyň (TTF) başlygy Eziz Döwletow hem gatnaşdy.
26.09.2023
21370
Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlarynda 3x3 basketbol ýaryşynda Türkmenistan Maldiw adalaryny ýeňmegi başardy
Türkmenistanyň topary Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän XIX tomusky Aziýa oýunlarynda Maldiw toparyna garşy 3x3 basketbol ýaryşyna 22:2 hasabynda uly utuş bilen başlady. Garşydaşyny 20 utuk tapawut bilen ýeňmek üçin Toýly Baýryýewiň toparyna bary-ýogy 6 minut 55 sekunt gerek boldy.
25.09.2023
7921
Türkmenistanyň türgenleri Hançžou şäherinde geçýän Aziýa oýunlaryna başladylar
Türkmenistanyň türgenleri Hytaýyň Hançžou şäherinde geçýän ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň ilkinji gününi sportuň birbada dört görnüşi boýunça çykyş etmek bilen başladylar.
24.09.2023
7059
Hançžouda Türkmenistanyň türgenleriniň gatnaşmagynda XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasy geçirildi
Şu gün Hançžou şäherinde XIX tomusky Aziýa oýunlary açyldy. Bu oýunlara iki hepdäniň dowamynda dünýäniň köp ýurdunda, şol sanda dört ýylda bir gezek geçirilýän bu iň uly sport baýramyna öz toparyny iberen Türkmenistanda-da tomaşa ederler.
23.09.2023
5839
Türkmenistanly türgenler Hançžou şäherinde Aziýa oýunlarynyň başlamagyna garaşýarlar
Aziýa oýunlarynyň başlamagyna birnäçe sagat galdy we dünýäniň ähli künjeginde milliardlarça tomaşaçynyň syn etjek ägirt uly sport festiwalynyň başlamagyna sabyrsyzlyk bilen garaşylýandygyny aýtsa bolar.