Sport
22.09.2023
7116
Hançžou şäherinde geçiriljek Aziýa oýunlarynda Türkmenistanyň Baýdagy belende galdyryldy
Şu gün ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň paýtagtyndaky Türgenler obasynyň halkara zolagynda ýerleşýän «Flag Plaza» alleýasynda türkmen sport wekiliýetini garşylamak we Türkmenistanyň Döwlet baýdagyny galdyrmak dabarasy geçirildi.
20.09.2023
7334
Merdan Ataýew: «Türkmenistanyň toparynyň baýdagyny götermek meniň üçin uly abraý»
Suwda ýüzüji türgen Merdan Ataýew we dzýudoçy Maýsa Perdäýewa 23-nji sentýabrda Hytaýyň Hançžou şäherinde geçiriljek XIX tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasynda Türkmenistanyň toparynyň baýdagyny götererler. Bu barada türkmen wekiliýetiniň ştabynda geçirilen iş mejlisinde yglan edildi.
19.09.2023
5853
Türkmenistanly türgenler Türgenler obasyndaky Aziýa oýunlaryna gatnaşyjylara goşuldylar
Hytaýyň Hançžou şäherinde geljek şenbe güni geçiriljek yklymyň dürli ýurtlaryndan müňlerçe türgen we resmi adamlar, şol sanda türkmenistanly türgenler hem ХIХ tomusky Aziýa oýunlarynyň açylyş dabarasyna gelýärler.
18.09.2023
7046
Ýurdumyzyň türgenleriniň ilkinji topary ХIХ tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Hançžou şäherine geldi
Şu gün ýurdumyzyň türgenleriniň ilkinji topary 23-nji sentýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Hytaýda geçiriljek 19-njy tomusky Aziýa oýunlaryna gatnaşmak üçin Urumçiniň üsti bilen Aşgabatdan Hançžou şäherine geldi.
14.09.2023
5564
Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşyň ikinji güni ýene medal eýelemegi başardylar
Duşenbede dowam edýän suwda ýüzmek boýunça halkara ýaryşyň ikinji güni türkmenistanly türgenler ýene dört medal gazandylar. Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suwda ýüzüjileri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas boýunça halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan ýaryşa gatnaşýarlar.
13.09.2023
6757
Türkmenistanly türgenler Duşenbe şäherinde başlanan halkara ýaryşda dört medal eýelediler
Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Täjigistanyň, Türkmenistanyň we Özbegistanyň suwda ýüzüjileri Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Baştutanlarynyň bäşinji konsultatiw duşuşygyna we Araly halas etmegiň halkara gaznasyny esaslandyryjy döwletleriň Baştutanlarynyň nobatdaky mejlisine bagyşlanan ýaryşa gatnaşýarlar.
12.09.2023
6949
Türkmenistanly agyr atletikaçy Saud Arabystanyda geçýän dünýä çempionatynda itip götermekde bürünç medal gazandy
Türkmenistanly sport ussady Gaýgysyz Töräýew Er-Riýadda (Saud Arabystany) geçýän agyr atletika boýunça 88-nji dünýä çempionatynda itip götermekde bürünç medal gazandy.
10.09.2023
6102
«Köpetdag» Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda öňdäki orny elde saklaýar
Paýtagtymyzyň «Köpetdag» topary Türkmenistanyň futzal boýunça Naýbaşy ligasynda ýene bir ýeňiş gazandy. 13-nji tapgyryň oýnunda Türkmenistanyň Içeri işler ministrliginiň topary TNGIZT-ni 6:2 hasabynda utmak bilen, söbügini basyp gelýän topardan 4 utuk öňdeligi elde saklady.
07.09.2023
4861
Awazada Türkmenistanyň Naýbaşy futzal ligasynyň balkan tapgyry başlandy
Uzak arakesmeden soň Türkmenistanyň futzal Naýbaşy ligasy 12-nji tapgyryň oýunlary bilen täzeden başlady.
06.09.2023
5648
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (U-23) Aziýa kubogy-2024 üçin saýlama taýýarlyk çäginde hytaýly deň-duşlaryndan üstün çykdy
Türkmenistanyň ýaşlar (23 ýaşa çenli) ýygyndy toparynyň futbolçylary Aziýa Kubogy – 2024 üçin saýlama ýaryşyň öňüsyrasynda hytaýly deň-duşlarynyň ýygyndy topary bilen geçirilen ýoldaşlyk duşuşygynda 2:0 hasabynda ýeňiş gazandy. Toparymyza bu ýeňşi Meýlis Durdyýewiň (51-nji minut) we Nurmyrat Rozyýewiň (71-nji) takyk urgulary getirdi.