Sport
05.09.2023
6863
Türkmenistanyň agyr atletikaçylary Er-Riýadda geçýän dünýä çempionatyna gatnaşarlar
Er-Riýadda (Saud Arabystany) başlanan agyr atletika boýunça dünýä çempionatyna Türkmenistandan 15 türgen gatnaşar. Erkekleriň arasynda geçirilýän 88-nji, zenanlaryň arasynda bolsa 31-nji bu ýaryş 117 ýurtdan 719 (365 erkek we 354 zenan) türgenleri bir ýere jemledi.
04.09.2023
5802
Ýurdumyzda atçapyşygynyň güýzki möwsümi başlandy
Atçapyşygynyň güýzki möwsümi, däp boýunça, Aşgabatda we ýurdumyzyň welaýatlarynda geçirilýär.
29.08.2023
6125
Aziýa tennis federasiýasynyň ýolbaşçylary Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa çempionatynyň guralyşyna ýokary baha berdiler
Aziýa tennis federasiýasy (ATF) Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň Aşgabatda 12 ýaşa çenli çagalaryň arasynda Merkezi Aziýa toparlaýyn çempionatynyň guralyşyna ýokary baha berdi. Aziýa tennis federasiýasynyň (ATF) ýolbaşçylary şu ýylyň iýunynda Owganystanyň, Gazagystanyň, Gyrgyzystanyň, Özbegistanyň, Täjigistanyň we Türkmenistanyň toparlarynyň gatnaşmagynda türkmen paýtagtynyň Olimpiýa şäherçesinde geçirilen sebit çempionatynyň tennis ýaryşlaryny guramagyň ajap mysalydygyny bellediler. Bu barada ATF-nyň Aziýada sportuň şu görnüşini ösdürmek boýunça milli assosiýasiýalaryň ýolbaşçylary üçin Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) guralan halkara seminarynda habar berildi.
25.08.2023
9195
AFK-2023/24-iň çempionlar ligasynda «Ahalyň» garşydaşlary kesgitlendi
Aziýa futbol konfederasiýasynyň klublar arasyndaky esasy futbol ýaryşynyň 42-nji we «AFK Çempionlar ligasy» atlandyrylýan 21-nji oýun üçin Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) geçirilen bije atyşlygynyň netijesinde, Özbegistanyň «Pakhtakor», Saud Arabystanynyň «Al-Fayha» we BAE-niň «Al-Ain» toparlary Türkmenistanyň «Ahal» toparyna bäsdeş bolup çykdy.
23.08.2023
7207
«Merw» ilkinji gezek AFK kubogynyň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy
«Merw» futbol topary AFK-nyň «playoff» tapgyrynda Täjigistanyň «Hujant» toparyny 2:1 hasabynda utup, bu bäsleşigiň toparlaýyn ýaryşyna gatnaşmaga hukuk gazandy.
18.08.2023
9251
«Sagdyn bedende — sagdyn ruh»: Türkmenistanyň sport mekdebi çagalary okuwa çagyrýar
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň sport mekdebi saglygyny gowulandyrmak we Milli sport hereketine goşulmak isleýänleriň okuwa alynýandygyny yglan etdi. Kabul edişlik 2023-nji ýylyň 21-25-nji awgusty aralygynda geçiriler.
16.08.2023
6880
«Merw» Gyrgyzystanyň «Alaý» toparyny utup, AFK-nyň Kubogy ugrunda ýaryşyň «playoff» tapgyryna çykdy
«Merw» futbol toparynyň oýunçylary AFK Kubogy ugrunda ýaryşyň deslapky tapgyrynda Gyrgyzystanyň Oş şäheriniň «Alaýyny» 1:0 hasabynda utup, ýaryşyň «playoff» tapgyryna çykmagy başardylar. Duşuşygyň 13-nji minudynda Musa Nurnazarow ýeňiş pökgüsini tora girizdi.
16.08.2023
8136
Türkmenistanda Kuraş göreşi boýunça Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi
Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti Halkara Kuraş Assosiasiýasy bilen 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabat şäherindäki Olimpiýa şäherçesiniň Başa-baş söweş sungaty sport toplumynda Kuraş boýunça 14-nji Dünýä çempionatyny geçirmek barada Ylalaşyga gol çekildi.
09.08.2023
10383
Türkmenistanly mekdep okuwçysy Aktauda geçirilen küşt boýunça dünýä çempionatynyň 2-nji tagtasynda kümüş medal gazandy
Türkmenabat şäherindäki 41-nji orta mekdebiň 6-njy synp okuwçysy Yhlas Narymanow Aktauda (Gazagystan) mekdep toparlarynyň arasynda geçen küşt boýunça dünýä çempionatynda şahsy bäsleşikde kümüş medal gazandy.
07.08.2023
7772
Halkara kuraş assosiasiýasynyň wekiliýetiniň Türkmenistana sapary bolar
Awgust aýynyň 8-10-y aralygynda Halkara kuraş assosiasiýasynyň (IKA) wekiliýeti 2023-nji ýylyň 23 – 28-nji noýabrynda Aşgabatda geçiriljek guşak göreşi boýunça 14-nji dünýä çempionatyna görlen taýýarlyk bilen tanyşmak üçin Türkmenistana geler.