mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýet

news-photo

31.08.2021

total-veiw

6640

Türkmenistan Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeltdi

Owganystandaky «Аkina-Аndhoý» demir ýol bölegindäki gurluşyk işleri gaýtadan dikeldildi, diýip DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

29.08.2021

total-veiw

4827

Geleşikleriň jemi bahasy ABŞ-nyň 2 million 391 müň dollaryndan gowrak boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 12-si hasaba alyndy.

news-photo

26.08.2021

total-veiw

8091

Türkmen-owgan serhedindäki GGN-larynyň bökdençsiz işi üpjün edilýär

Türkmenistan türkmen-owgan serhedindäki gözegçilik-göýberiş nokatlarynyň bökdençsiz işini üpjün etmegi dowam edýär. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

26.08.2021

total-veiw

6651

Türkmenistan Owganystanyň sebitlerini elektrik energiýasy bilen üpjün etmegini dowam edýär

Türkmenistan häzirki hereket edýän şertnamalaryna laýyklykda goňşy Owganystana elektrik energiýasynyň üpjünçiligini dowam edýär. Bu barada DIM-niň Metbugat gullugy habar berýär.

news-photo

26.08.2021

total-veiw

6708

Ýurdumyzyň mekdepleri üçin

Täze okuw ýylyna taýýarlygyň çäklerinde okuwçylaryň lybaslarynyň birnäçe görnüşleri we mekdep esbaplary Türkmenistanyň dokma senagaty ministrligine degişli Daşoguzdaky «Çeper» tikinçilik fabriginiň işgärleri tarapyndan öndürilýär. Ol önümlere gelşikli öňlükler we gyzlar üçin asyl nusgadaky penjekler, oglanlar üçin jalbarlar, zähmet öwreniş sapagy üçin ýörite iş geýimleri, mekdep torbalary degişlidir.

news-photo

24.08.2021

total-veiw

7847

Hususy telekeçiligiň üstünlikleri

Dokma senagaty Türkmenistanyň ykdysadyýetinde öňde baryjy pudaklaryň biridir. Döwletiň hemme taraplaýyn goldamagy netijesinde dokma pudagy iň çalt ösýän pudaga öwrüldi.

news-photo

23.08.2021

total-veiw

5337

Eksport geleşikleriniň arasynda nebithimiýa we tekstil önümleri öňdeligi eýeleýär

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 46-sy hasaba alyndy.

news-photo

23.08.2021

total-veiw

5532

Demirgazyk sebitiň ýeralmaçylarynyň üstünligi

Ýurduň demirgazygynda güýzlük ýeralma ekişi tamamlandy. Bu ýyl Daşoguz welaýatynda ýylyň ikinji hasyly üçin meýdanyň esasy bölegi sebitiň iň iri ýeralma öndürijisi bolan Gurbansoltan eje adyndaky etrapda ýerleşýär. Güýzlük ýeralma, şeýle hem, Nyýazow we Gubadag etraplarynda köp mukdarda ösdürilip ýetişdiriler. Işleriň ýokary derejede ýola goýulmagy, ýeterlik mukdarda ýokary hilli tohumyň we ýöriteleşdirilen enjamlaryň bolmagy sebäpli, bu möhüm agrotehniki çäre gysga wagtyň içinde üstünlikli geçirildi. Ýeralmaçylar howa sowamanka, her gektardan azyndan 140 sentner hasyl almagy umyt edýärler.

news-photo

20.08.2021

total-veiw

5612

«Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana reýtingleri berdi

«Fitch Ratings» halkara reýting agentligi Türkmenistana şu reýtingleri berdi: «B» derejede gysga möhletleýin reýting we «B + durnukly» derejede uzak möhletleýin reýting. Bu bolsa Türkmenistanyň milli ykdysadyýetiniň durnukly ösüşine şaýatlyk edýär.

news-photo

20.08.2021

total-veiw

5454

Täze elektrik bekediniň işe girizilmegine taýýarlyk görülýär

Lebap döwlet elektrik bekediniň çäginde işe girizilmäge «Sumitomo Corporation» ýapon şereketi tarapyndan taýýarlanan gaz turbinaly täze elektrik bekedinde gurluşyk, energetika we paýlaýjy desgalary oturtmak, şeýle hem işledip sazlamak işleri tamamlandy.

...421