mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Ykdysadyýet

news-photo

19.08.2021

total-veiw

7045

Hususy hojalyklar ýurt daşyna haryt satmagy artdyrýarlar

Şu ýyl Türkmenistanyň oba hojalyk öndürijileri bakjadan, miwedir gök önümlerden we kösükli ekinlerden bol hasyl aldylar. Agrosenagat toplumynyň (AST) ösmeginde we pugtalandyrylmagynda hususyýetçilere möhüm orun degişlidir. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşiginiň maglumatlaryna görä, azyk önümleriniň agramly bölegi hususy mülkdar hojalyklar we işewürlik gurluşlary tarapyndan ösdürilip ýetişdirilipdir. Türkmen telekeçileri täze suwarymly ýerleri artdyrmagyň, bu ýerlerde goşmaça ekin ekmegiň, üzümdir miweli agaçlary oturtmagyň we ýyladyşhanalaryň meýdanyny giňeltmegiň hasabyna azyk önümçiligini artdyrmak ugrunda iş alyp barýarlar. Bu bolsa içerki bazary doly üpjün etmäge we eksporty artdyrmaga mümkinçilik berýär.

news-photo

18.08.2021

total-veiw

8183

Ähli düzüm bölekleriniň öndürilişi özleşdirildi

Türkmenistanyň Senagat we gurluşyk önümçilik ministrliginiň Daşoguzdaky demirbeton önümleri zawodynda 148-U belgili köp gatly iri panel ýaşaýyş jaýyny gurmak üçin ähli zerur düzüm bölekleriniň önümçiligi ýola goýuldy. Şeýle belgili jaýlar, esasan, dört gatly binalar bolup, olaryň her biri giň we beýik otagly, içki gurluşy gowulaşdyrylan öýlerden ybaratdyr. Mysal üçin, dört otagly öýüň umumy meýdany 120 inedördül metre ýetýär, üç otaglynyňky bolsa 100 inedördül metrden geçýär. Soňky ýyllarda sebitde kerpiç jaýlaryň gurluşygy has giňden ýaýbaňlanan-da bolsa, gurluşyk möhletiniň gysgalygy we bahalarynyň giň halk köpçüligine elýeterliligi sebäpli, iri panel binalara-da isleg bildirilýär. Şunda zawodda taýýarlanandygy sebäpli, panelleriň hiliniň ýokary bolmagynyň-da ähmiýeti az däldir. Özi-de iri panelli jaýlaryň hakyky hyzmat möhleti örän uzakdyr.

news-photo

17.08.2021

total-veiw

4068

Energiýaçylar üçin hyzmat merkezi gurulýar

“Çalyk Enerži” şereketiniň potratçy guramasynyň hünärmenleri “Türkmenenergo” döwlet korporasiýasynyň buýurmagynda döredilýän Energiýa enjamlaryny bejerme we ideg etme merkezinde enjamlary oturtmaga başladylar. “Çalyk Enerži” şereketi “Türkmenenergoabatlaýyş” kärhanasy üçin Merkezi Aziýada iň uly häzirkizaman ýokary tehnologiýaly bazany döretmek işini bary-ýogy üç ýylda, ýagny 2022-nji ýylyň ortalaryna tamamlamaly bolar, bu ýerde ilkinji gezek ýerli şertlerde tehniki hyzmat ediş, ilkinji nobatda bolsa, elektrik beketlerini abzallaşdyrmakda ulanylan kuwwatly gaz turbinalaryna hyzmat ediş işi guralar. Gurluşyk bilen bir wagtda ökde hünärli işgärleri taýýarlamak we iş öwretmek-de alnyp barylýar.

news-photo

17.08.2021

total-veiw

8105

Türkmenistan, Azerbaýjan we Täjigistan Russiýa miwe we gök önüm ibermegini artdyrdy

«2021-nji ýylda GDA ýurtlary Russiýa Federasiýasyna iberýän miwe we gök önüminiň mukdaryny artdyrdy” diýip, Finmarket «Rosselhoznadzora» we «Argus-Fito» maglumat ulgamynyň maglumatlaryna salgylanmak bilen habar berýär.

news-photo

16.08.2021

total-veiw

6921

Işiň täze ugurlary özleşdirilýär

Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy «Çemenli dag» hususy kärhanasynyň Daşoguz welaýatynyň oba hojalyk önümlerini öndürijilerini gök-miwe ekinleri üçin ýeňil, berk we ygtybarly gap bilen üpjün edip bilmek mümkinçiligi bar. Ol dürli oba hojalyk ekinleriniň ýygnalýan döwri islegli gaplary taýýarlaýar. Munuň üçin ýörüte termoplastawtomat işledilýär. Ilki gaba polimer granullary guýulyp, olar ýokary gyzgynlykda eredilýär, soňra suwuk massa guýma galyba berilýär we sowadylýar, şondan soň enjam taýyn gap çykarýar. Ençeme gezek ulanmaga ýaramly plastik gaby kärhana alyjylaryň tabşyrygy boýunça taýýarlaýar. Enjamda günde 2,5 müň sany gap çykaryp bolýar, onuň çig maly ýerli haryt öndürijilerden satyn alynýar.

news-photo

16.08.2021

total-veiw

5963

Tamamlanan hepde söwdanyň ýokarlanýandygy bilen tapawutlandy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 35-si hasaba alyndy.

news-photo

15.08.2021

total-veiw

8520

«Galam» mekdep esbaplary bilen üpjün edýär

Indi 15 ýyl bäri aşgabatlylara belli brendleriň kanselýar harytlaryny teklip edýän «Galam» dükany dört ýyl mundan ozal internet-hyzmatlaryny ýerine ýetirip başlady.

news-photo

15.08.2021

total-veiw

8991

Hususy kärhananyň datly tagamlary

Ýurduň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzasy Z. Döwletowyň Daşoguz welaýatynyň S.A. Nyýazow adyndaky etrabynyň «Şatlyk» geňeşinde ýerleşýän miwe kişdesini taýýarlaýan hususy kärhanasynyň işgärleri iki tonna golaý erik kişdesini öndürdiler. Kiçeňräk önümçiligiň çig maly saklaýan we kakadýan, ony gaýtadan işleýän, taýýar önümleri saklaýan ammary bar. Bu ýerde oturdylan ýokary öndürijilikli enjam miweleri kesmek, olaryň maňzyny-çigidini aýyrmak, kakatmak, taýýar önümi gaplamak boýunça işleri ýerine ýetirýär. Häzirki wagtda kärhana almanyň uly tapgyryny gaýtadan işlemäge taýýarlanýar. Hususy kärhana ýylda miwelerden we bakja ekinlerinden 100 tonna golaý witaminli önüm taýýarlamaga ukyplydyr.

news-photo

14.08.2021

total-veiw

6078

Milli ykdysadyýetleriň täze mümkinçilikleri

Merkezi Azia döwletleriniň Baştutanlarynyň golaýda «Awaza» Milli syýahatçylyk zolagynda geçirilen Konsultatiw duşuşygynda kabul eden maliýe ulgamyny we söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmäge degişli çözgütleri türkmenistanly senagatçylarda we telekeçilerde işe has yhlasly çemeleşmäge höwes döretdi.

news-photo

14.08.2021

total-veiw

7409

“Gündogar şöhlesi” HJ-niň täze önümi

Ýurdumyzyň mekdep bazarlaryna topukçaly syýagalamlaryň täze görnüşleri satuwa çykaryldy. Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler bileleşiginiň agzasy, Ahal welaýatynyň Akbugdaý etrabynda ýerleşýän “Gündogar şöhlesi” hojalyk jemgyýeti gündelik ýazuw işleri üçin niýetlenen durmuş esbaplarynyň köpçülikleýin önümçiligini özleşdirdi. Bu topukçaly syýagalamlaryň geň tarapy olaryň içinde syýadanyň ýoklugydyr. Bu ýazuw esbaby ýasalanda, syýa gönüden-göni onuň göwdesiniň içine guýulýar-da, gapak dakylýar. Bu göwde we gapak kärhanada Türkmenbaşynyň nebiti gaýtadan işleýän zawody tarapyndan öndürilýän polipropilenden ýasalýar. Baha syýasatyndan ugur alsak, täze görnüşli topukçaly syýagalamlar beýlekilerden arzan topara degişlidir. Olaryň lomaý bahasy takmynan 95 teňňe. Hojalyk jemgyýetini esaslandyryjy Kakaly Geldiýewiň aýtmagyna görä, onuň tehnologiýasy, zerur enjamlar we degişli düzüm bölekleri Mumbayda geçirilen sergide hindi öndürijilerinden, ýokary hilli syýa bolsa Germaniýadan satyn alnypdyr.

...421