Ylym
10.05.2021
5349
Türkmen alymlaryna süýşýän çägeleri berkitmegiň netijeli usullaryny kesgitleýän enjam gowşuryldy
Türkmenistanyň Oba hojalyk we daşky gurşawy goramak ministrliginiň Çöller, ösümlik we haýwanat dünýäsi milli milli institutynyň Garryköl meýdançasynda zähmet çekýän alymlaryna ýaňy-ýakynda kuwwatly elektrogenerator we fotoelektrik milli enjamlar gowşuryldy. Çöli öwreniji alymlar bu ýerde tebigy hadysalara gözegçilik edip, ummasyz ylmy işleri hem tejribe-barlaglary amala aşyrýarlar.
07.05.2021
4252
Türkmenistan – fransuz dili boýunça birinji sebit olimpiadasynyň liderleriniň üçlüginde
Ýurdumyzyň dört wekili fransuz dili boýunça sebit internet-oimpiadanyň sylaglaryna mynasyp boldy, şeýlelikde biziň ýygyndy toparymyz dil biliminden liderleriň üçlügine girdi.
04.05.2021
6655
Türkmen talyplary halkara internet-olimpiadada 31 sany altyn medal gazandylar
31 ýeňiji we 95 baýrakçy – bular Türkmenistanyň wekilleriniň Powolžýäniň Döwlet tehnologik uniwersiteti (Ýoşkar-Ola şäheri, Mariý El Respublikasy, Russiýa Federasiýasy) tarapyndan guralan Açyk halkara talyplar internet-olimpiadasynyň iki tapgyryna gatnaşmaklarynyň netijesidir.
03.05.2021
10635
Aşgabatda halkara ylmy maslahat geçirilýär
Şu gün türkmen paýtagtynda Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň we Bilim ministrliginiň guramagynda sanly ulgam arkaly geçirilýän “Innowasion tehnologiýalary önümçilige ornaşdyrmagyň meseleleri” atly halkara ylmy-amaly maslahaty öz işine başlady.
27.04.2021
5553
Daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak boýunça onlaýn-okuwlara gatnaşmak üçin arzalar kabul edilýär
Türkmenistanyň raýatlary Drezdeniň Tehniki uniwersitetiniň daşky gurşawy we suw gorlaryny dolandyrmak hünärini kämilleşdirmek boýunça kämilleşdiriş okuwlaryna gatnaşyp bilerler.
24.04.2021
7729
Türkmen talyplary halkara matematika olimpiadasynda birinji orunlaryň ýedisini eýelediler
Sankt-Peterburgyň informatika tehnologiýalary, mehanika we optika barlaglary milli uniwersitetiniň guran Demirgazyk ýurtlaryň uniwersitetleriniň VII Matematika olimpiadasynda (NCUMC-2021) ýurdumyzyň wekilleriniň 7-si ýeňiş gazandy we 26-sy baýrakly orunlary eýelediler.
23.04.2021
15895
Dünýä dilleri instituty Rus diliniň hepdeligini geçirýär
«Beýik, kuwwatly, hakykatçyl we erkin rus dili!» - Iwan Sergeýewiç Turgenewiň we beýleki beýik rus şahyrlarynyň, kyssaçylarynyň, dramaturglarynyň aýdan sözleri şu günler Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen Milli dünýä dilleri institutynda has dabaraly ýaňlandy, bu ýerde Rus diliniň hepdeligi geçirildi.
20.04.2021
5024
Öňdebaryjy tehnologiýalar - Arala kömege gelýär
Geçen ýylyň noýabarynda yglan edilen öňdebaryjy tehnologiýalaryň Bütindünýä bäsleşiginiň (Global Disruptive Tech Challenge 2021) aprel aýynda netijesi jemlendi. Bu bäsleşigiň maksady Aralýaka zolagyň topragynyň zaýalanmagynyň we çölleşmeginiň öňüni almak üçin täze ideýalary saýlap almakdan ybarat.
14.04.2021
11126
Ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça geçirilýän «Sanly innowasiýalar» atly bäsleşiginiň teswirnamasy
«Türkmenistanda 2019-2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynda», «Türkmenistanda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň 2021-2025-nji ýyllar üçin Döwlet maksatnamasynda» hem-de «Türkmenistanda sanly bilim ulgamyny ösdürmegiň Konsepsiýasynda» göz öňünde tutulan wezipeleriň amala aşyrylmagyny üpjün etmek, ykdysadyýetimiziň pudaklaryna sanly ulgamlary giňden ornaşdyrmak üçin ýokary tehnologiýaly we bäsdeşlige ukyply milli programma üpjünçiliginiň işlenip düzülmegini kämilleşdirmek maksady bilen, şeýle hem 2021-nji ýylyň 16-njy martynda hormatly Prezidentimiziň Ahal welaýatynyň täze döwrebap edara ediş merkeziniň gurluşygyndaky işleriň ýagdaýy bilen tanyş bolanda raýatlarymyzyň ýaşamagy üçin has oňaýly «smart siti» — «akylly şäher» bilen baglanyşykly tehnologiýalary ösdürmekde ýurdumyzyň bilim ulgamyna möhüm ornuň degişlidigini aýratyn nygtap geçmegi bilen bagly öňde durýan wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen Türkmenistanyň Bilim ministrligi we Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilelikde «Sanly innowasiýa» atly ýaşlaryň arasynda programma üpjünçiligi boýunça bäsleşigini yglan etdi.
07.04.2021
7261
Ermenistanyň we Türkmenistanyň oba hojalyk boýunça ýokary okuw jaýlarynyň bilelikdäki onlaýn-dersleri dowam etdirildi
Тürkmen oba hojalyk uniwersiteti bilen Ermenistanyň Milli agrar uniwersitetiniň arasyndaky Ylalaşygуň çäklerinde bu iki ýokary okuw jaýynyň mugallymlarynyň we talyplarynyň nobatdaky onlaýyn-duşuşygy geçirildi.