Ylym
14.08.2025
6134
Türkmen topary Malaýziýada «Future is Now» diýen tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdy
Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetiniň mugallymy we bäş sany talyby Malaýýa uniwersitetiniň (Malaýziýa) binýadynda 3 – 9-njy awgusty aralygynda geçirilen «Future is Now» diýen tomusky okuw maksatnamasyna gatnaşdylar.
14.08.2025
7009
«Sanly Bilim» meýdançasy okuwçylaryň hyzmatynda
Täze okuw ýylynyň öňüsyrasynda mekdep okuwçylary we talyplar öňki ýyllarda alan bilimlerini gaýtalap, täze bilimlerini özleşdirmäge taýynlanýarlar. Olara bu işde «Sanly Bilim» atly sanly meýdança kömek edýär we bilim çeşmeleri hem-de hyzmatlary bir ýere jemläp, amatly elýeterliligi üpjün edýär.
13.08.2025
5371
Türkmen wekiliýeti Gyrgyzystanda «DARYA» tomusky mekdebine gatnaşdy
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri 5 – 8-nji awgusty aralygynda Gyrgyzystanda tebigy taýdan owadan Yssyk-Kölüň kenarynda geçirilen bilim bermekde öňdebaryjy halkara «DARYA» tomusky mekdebinde gatnaşdylar.
12.08.2025
5778
Türkmen ýokary okuw mekdebinde hytaý dilini öwrenmek meseleleri boýunça Hytaý Halk Respublikasynyň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministrliginiň halkara dil alyşmalar we hyzmatdaşlyk merkeziniň wekiliýeti bilen duşuşyk geçirildi.
12.08.2025
4350
Türkmenistanyň talyplary Indoneziýada geçirilen halkara ýaryşda 1-nji orna mynasyp boldular
Türkmenistanyň talyplary Robototehnika we informatika boýunça dünýä olimpiadasynyň çäklerinde geçirilen halkara taslamalar bäsleşiginiň ýeňijileri boldular. Indoneziýa Respublikasynyň Ýaş alymlar assosiasiýasy (IYSA) çäräniň guramaçysy bolup çykyş etdi.
12.08.2025
6447
Täze okuw ýylyna doly taýýarlykda
Ýurdumyzda bilim ulgamyny has-da kämilleşdirmek, okuwçylara dünýä ülňülerine laýyk derejede bilim bermek, onuň üçin mümkin bolan ähli şertleri döretmek, ulgamyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmek, şeýle hem bu ulgama sanly tehnologiýany ornaşdyrmak ýaly wajyp ugurlary öz içine alýan, döwletimiz boýunça alnyp barylýan «Bilim» syýasaty ýurdumyzyň Lebap welaýatynda hem üstünlikli durmuşa geçirilýär.
11.08.2025
5541
Türkmen talyplary Germaniýada dil taýýarlygyny ýokarlandyrýarlar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary 28-nji iýuldan 30-njy awgust aralygynda Germaniýanyň akademiki alyşmalar gullugynyň (DAAD) maksatnamasynyň çäklerinde guralan nemes dili boýunça tomusky okuwlara gatnaşýarlar.
11.08.2025
5296
Hazar deňzinde düwlenler nädip peýda boldy?
Hazar deňzinde düwlenleri öz tebigy ýaşaýyş şertlerinde görmek uly bagt. Kimde-kim bu jandary bir gezek gumly kenaryň boýnunda güne çykyp ýatan wagty gören bolsa, ýüreginde hoş duýgular galýar.
08.08.2025
6148
Ýod-brom suwlaryny gaýtadan işlemegiň ileri tutulmagy
Dünýäde peýdaly magdan serişdeleriniň azalýan döwründe suwda ereýän serişdeleriň, ýagny gidromineral serişdeleriň ähmiýeti artýar, şeýle hem olary ykdysady taýdan peýdaly usulda gaýtadan işlemegiň tehnologiýalarynyň häzirki döwürde möhüm orny bardyr.
07.08.2025
5342
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň italýan dili mugallymlary hünär derejesini ýokarlandyrýarlar
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň roman-german dilleri kafedrasynyň mugallymlary we daşary ýurt edebiýaty kafedrasynyň mugallym-öwrenijisi Italiýa Respublikasynyň Peruja şäherindäki daşary ýurtlylar üçin uniwersitetinde hünär derejesini ýokarlandyryş okuwlara gatnaşdylar.