Ylym
22.07.2025
3641
Şäheriň çäginde – botaniki seýreklik
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň binasynyň gapdal diwarynyň golaýynda ýerleşýän alty sany göze ilmeýän kiçijik agaçlar her ýyl gülleýän döwri we ir-iýmişleriniň emele gelişi bilen görenleri haýran galdyrýar. Miweli agaçlar ýabany ösümlikleriň biri hasaplanýan, Türkmenistanyň Gyzyl kitabyna girizilen Buasýe armydydyr.
21.07.2025
2532
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri Awazada geçiriljek BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna taýýarlanýarlar
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerinde ýurdumyzda bolup geçjek halkara ähmiýetli waka – BMG-niň Deňze çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahatyna (LLDC3) bagyşlanan bilim beriş-düşündiriş çäreleri geçirilýär.
21.07.2025
2146
«Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw geçirilýär
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň ýardamy we ýurduň Hazar deňiz institutynyň, şeýle hem Halkara ummanlar institutynyň guramaçylyk goldawy bilen iýul aýynyň 14–25-i aralygynda Arçabil myhmanhanasynyň mejlisler zalynda Hazarýaka bäş döwletiň wekilleri üçin «Hazar deňzi – durnukly ösüş we dolandyryş» atly halkara okuw geçirilýär.
18.07.2025
5075
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary «Iň gowy ylmy makala – 2025» atly halkara bäsleşiginde ýeňiji boldular
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň mugallymlary General-admiral F.M.Apraksin adyndaky Deňiz we derýa ulaglarynyň Hazar institutynyň «Hazar ylmy žurnaly» atly ylmy neşiri bilen bilelikde ýola goýan «Iň gowy ylmy makala – 2025» atly halkara ylmy-barlag bäsleşiginde üstünlikli çykyş etdiler.
17.07.2025
5313
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdeplerine taýýarlygyň täze ugurlary girizildi
Türkmenistanda ýokary okuw mekdeplere giriş möwsümi ýaýbaňlanyp, onuň çäklerinde dalaşgärlerden resminamalar kabul edilýär.
16.07.2025
4612
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplary Daşkentde tejribelik geçýärler
6-njy iýuldan 17-nji iýuly aralygynda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň talyplarynyň topary Özbegistan Respublikasynyň Daşkent irrigasiýa we oba hojalygynyň mehanizasiýasynyň inženerleri institutynda okuw- önümçilik tejribeligini geçýärler.
16.07.2025
3858
Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasyndaky akademiki hyzmatdaşlygyň ösdürilmegi
Kluj-Napoka Tehniki uniwersiteti (TUCN) bilen Türkmenistanyň Telekommunikasiýalar we informatika institutynyň arasyndaky ylmy-akademiki hyzmatdaşlyk hakynda ylalaşygynyň hem-de Erasmus+ maksatnamasynyň esasynda, 2025-nji ýylyň 1-nji iýulyndan 21-nji iýuly aralygynda Kluj-Napoka Tehniki uniwersitetinde türkmen tarapynyň wekilleri üçin tomusky tejribelik maksatnamasy geçirilýär.
15.07.2025
4274
Hytaýyň nebitçilik ýokary okuw mekdepleriniň professorlary türkmen mugallymlaryna hünär ýokarlandyryş çäresini geçýärler
Hytaý Halk Respublikasynyň Sian nebit uniwersitetiniň hem-de Hebeý nebit hünär-tehniki uniwersitetiniň professorlary Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň ýaş mugallymlary üçin hünär ýokarlandyryş okuwlaryny geçýärler.
14.07.2025
7252
Türkmenistanda ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümi başlandy
Şu gün paýtagtymyzda, Arkadag şäherinde we Türkmenistanyň welaýatlarynda ýurdumyzyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine kabul ediş möwsümine badalga berildi.
11.07.2025
5401
Türkmen ýokary okuw mekdepleri üçin «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby çykaryldy
Ýakynda Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri üçin «Bedenterbiýäniň nazaryýeti we usulyýeti» diýen okuw kitaby çapdan çykdy.