Ylym
21.02.2025
4999
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň prorektory Koreýada geçirilen halkara maslahata gatnaşdy
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň ylmy işler boýunça prorektory Selbi Batyrowa Kanwon milli uniwersitetiniň başlangyjy bilen Koreýa Respublikasynyň Seul we Çhunçhon şäherlerinde geçirilen «Bilelikdäki geljek: ählumumy zehin we ýerli bileleşik» atly halkara maslahata gatnaşdy.
20.02.2025
3540
Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri Türkmenistanyň ýokary okuw mekdebinde boldular
Türkmenistanyň ýokary okuw mekdepleri bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde Aşgabada iş saparynda Beýik Britaniýanyň Nottingem Trent uniwersitetiniň wekilleri, professor Martin Sewior we doktor Sem Berkli Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň mugallymlary we talyplary bilen duşuşyklar geçirdiler.
20.02.2025
3751
Türkmenistan we Pakistan ýokary bilim ulgamynda hyzmatdaşlygy giňeldýär
19-njy fewralda Aşgabatda Türkmenistanyň bilim ministri J.Gurbangeldiýew bilen Pakistan Yslam Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap Ahsan Wagan bilen duşuşygy geçirildi.
19.02.2025
4868
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda baýramçylyk breýn-ringi geçirildi
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda 2025-nji ýyla – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylyna, Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna hem-de Türkmenistanyň diplomatik işgärleriniň gününe bagyşlanan breýn-ring geçirildi.
18.02.2025
4821
Mugallymlar DARYA SCAFFOLD bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar
Türkmen mugallymlary DARYA SCAFFOLD bäsleşigine gatnaşmaga çagyrylýar. Ol gatnaşyjylara täzeçillik ukyplaryny ýüze çykarmaga, hünär başarnyklaryny artdyrmaga we tassyklamaga hem-de Merkezi Aziýada we Ýewropada ykrarnama eýe bolmaga mümkinçilik berer.
17.02.2025
4942
Sanly ykdysadyýet boýunça geçirilen olimpiadanyň ýeňijileri sylaglandy
Aşgabadyň maliýe-ykdysady orta hünär okuw mekdebinde Türkmenistanyň ýöriteleşdirilen orta hünär okuw mekdepleriniň okuwçylarynyň arasynda sanly ykdysadyýet boýunça olimpiada geçirildi. Bu çäre Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygy, şeýle hem 2025-nji – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly mynasybetli geçirildi.
17.02.2025
4471
Türkmenistanyň talyby «GDA-nyň iň gowy talyby – 2024» diýen ada mynasyp boldy
Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetiniň nebit senagaty fakultetiniň 4-nji ýyl talyby Hallynyýaz Babaýew «GDA-nyň iň gowy talyby – 2024» diýen hormatly ada mynasyp boldy.
15.02.2025
8627
Ýurtda ilkinji ugurdaş ýokary okuw mekdebiň açylmagy telekeçiligiň täze ösüş derejesini üpjün eder
Paýtagtymyzyň günbatar böleginde Görogly köçesiniň ugrunda Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň ýurtda ilkinji ýokary okuw mekdebiniň gurluşygy ýokary depginler bilen dowam edýär.
14.02.2025
3941
Türkmenistan we Beýik Britaniýa akademiki hyzmatdaşlygy berkidýärler
Ýokary bilim ulgamynda halkara hyzsmatdaşlygyny ösdürmegiň çäklerinde Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň, ýurduň öňdebaryjy uniwersitetleriniň hem-de Beýik Britaniýanyň Sent-Endrýus uniwersitetiniň wekilleriniň arasynda onlaýn duşuşyk geçirildi.
14.02.2025
3766
Italýan kompaniýasynyň wekili Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynda umumy sapak geçdi
Italýan dizaýnynyň gününe bagyşlanyp geçirilen Aşgabatdaky çäreleriň Italiýanyň Modenese Gastone Interiors Srl interýer dizaýn kompaniýasynyň wekili Leandro Skalko Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk institutynyň talyplary üçin umumy sapak geçdi.