Ï Çary Nurymowyň eserleriniň konsertde ýaňlanmagy iň täsirli pursatlarynyň biri boldy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Çary Nurymowyň eserleriniň konsertde ýaňlanmagy iň täsirli pursatlarynyň biri boldy

view-icon 331
Çary Nurymowyň eserleriniň konsertde ýaňlanmagy iň täsirli pursatlarynyň biri boldy
camera-icon
Alekseý Gimalitdinow

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýasynda her ýyl geçirilýän «Zehin joşguny» atly saz festiwalynyň çäklerinde konserwatoriýanyň ýaş mugallymlary kesgitlenen meýilnama esasynda gyzykly konsert çykyşlaryny berýärler. Indi birnäçe ýyl bäri däbe öwrülen bu festiwalyň ýaş zehinleriň ýerine ýetirijilik ussatlygyny kämilleşdirmekde uly ähmiýete eýedir.

Maýa Kulyýewa adyndaky Türkmen milli konserwatoriýanyň kiçi zalynda meşhur wokalçy Begenç Moşşyýewiň gatnaşmagynda estrada sungaty bölüminiň talyplary üçin konsert boldy. Güýçli sesli liriki tenor Begenç Moşşyýew öz çykyş maksatnamasyny üç mowzuk boýunça düzüpdir: italýan nusgawy eserleri, rus halk aýdymlary we kompozitor Çary Nurymowyň aýdymlary. Onuň ähli eserleri birkemsiz ýerine ýetirmegiň hötdesinden gelendigini aýtmak gerek.

Özüniň adatdan daşary owazy we asylly wokaly saýasynda dünýä belli «O sole mio» we «Karuzonyň ýatlamasy» ýaly italýan aýdymlary tomaşaçylaryň ünsüni özüne çekdi. Begenç Moşşyýewiň çykyşynyň ahyrynda Çary Nurymowyň ajaýyp eserlerini şeýle bir yhlas bilen ýerine ýetirdi welin, diňleýjileriň dowamly el çarpyşmalaryna mynasyp boldy. Begenç Moşşyýew konsertmeýsteri Aýsoltan Baýramowany hormat bilen tomaşaçylara hoşallyk bildirmäge çagyryp, olaryň el çarpyşmalaryna ony-da şärik etdi.

Konsert maksatnamasynda ýörite fortepiano bölüminiň uly mugallymy Enejan Nuryýewanyň çykyşy-da bardy. Ol tomaşaçylary Frederik Şopeniň kiçiräk saz eserleri – noktýurnlary bilen begendirdi. Estrada sungaty bölüminiň mugallymy Leýla Seýdarowa skripkada Öwezmyrat Gandymowyň «Oýlanma» sazyny, üçünji ýyl talyby Mahriban Baýramowa bilen bilelikde bolsa Dmitriý Şostakowiçiň «Wals» eserini ýerine ýetirdi. Enejan Nuryýewa olaryň konsertmeýsteri bolup çykyş etdi.

«Zehin joşguny» festiwalyna nähili garaýarsyňyz?» diýen soraga Begenç Moşşyýew şeýle jogap berdi:

– Birwagtlar biziň özümiz talypdyk, indi bolsa – mugallym, ýöne bu festiwalda biz ýerimizi çalşan ýaly bolduk, ýagny okuwçylarynyň çykyşlaryna mugallymlar baha bermän, tersine talyplar mugallymlara baha berýärler – diýdi.