Ï Koreýaly sungat ussatlarynyň köpöwüşginli çykyşlary
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Koreýaly sungat ussatlarynyň köpöwüşginli çykyşlary

view-icon 106
Koreýaly sungat ussatlarynyň köpöwüşginli çykyşlary

«Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy» ilkinji sammitiniň jemlerine bagyşlanyp geçirilýän Koreý medeniýetiniň hepdeliginiň çäginde Magtymguly adyndaky milli sazly-drama teatrynyň ajaýyp sahnasynda Koreýanyň şou-dizaýn «Saengdonggam Crew» topary çykyş etdi. Koreý tansçylarynyň täsin hereketleri, milli lybaslary, bezeg serişdeleri, däp bolan saz hem-de horeografik kompozisiýasy özboluşly sazlaşygy emele getirdi.

Medeni maksatnamany açyp, köp sanly tomaşaçylara Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Li Won Je we Türkmenistanyň medeniýet ministriniň orunbasary Nursähet Şirimow gutlag sözi bilen ýüzlendiler. Bellenilişi ýaly, iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösüş häsiýeti Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň Seula amala aşyran döwlet saparyndan soň has-da itergi aldy. Duşuşygyň möhüm netijesi hökmünde resminamalaryň, şol sanda iki döwletiň degişli ministrlikleriniň arasynda medeni alyş-çalyş ulgamynda hyzmatdaşlyk etmek hakyndaky Ähtnamanyň gol çekilmegi boldy.

Ýatladyp geçsek, sentýabr aýynda Gwangju şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi. Giň köpçülige amaly-haşam sungatynyň eserleriniň sergisi, muzeý gymmatlyklary, suratkeşleriň, heýkeltaraşlaryň işleri we milli geýimler görkezildi, şeýle hem sungat ussatlarynyň çykyşlary boldy. Bu medeni gatnaşyklaryň we halklaryň arasyndaky hyzmatdaşlyklary berkitmegiň dowamy hökmünde koreýaly artistleriň Aşgabada medeni saparlary guraldy.

Sungat bilen ýokary tehnologiýalaryň sepleşmeginde döredilen köpugurly konsert, koreý halkynyň däp-dessurlaryny we dünýäniň täze meýillerini özünde kämil jemledi. Täsirli maksatnamany koreý milli köşk tansynyň iň meşhur we ajaýyp žanrlarynyň biri bolan Hwagwanmu ýa-da «Gül täji tansy» açdy. Salamlaşmagy we ak pata bermegi aňladýan bu tansyň döwrebap görnüşi özüniň üýtgeşik gözelligi bilen tomaşaçylary haýran galdyrdy. Belent köşk geýimlerindäki ýagtylyk beriji (LED) elementleriň öwüşgini zal içini şol bada reňbe-reň şöhleler bilen doldurdy.

Ýagty diodly LED ekranynda tansçylar we yşyk elementleri bilen utgaşyklykda peýda bolan ýalkymlar çykyşy hakykatdan hem täsin we özüne çekiji bir tomaşa öwürdi. Täsirli wideosungat Koreýanyň we Türkmenistanyň medeni gatnaşyklaryny aýdyň görkezdi. Ägirt uly wideodiwar çeýe tans kompozisiýalary bilen utgaşýan yşygyň we kölegäniň dinamiki oýnuny görkezdi.

Agşamyň dowamynda milli lybasly zenan artistler koreý sungatynyň inçe nepisligini ýetirýän Soljangu – gäwüş şekilli çangu deprekleri bilen ýerine ýetirilýän adaty tansy ýerine ýetirdiler.

Agşamyň iň esasy wakasy Obansekiň K-pop bilen utgaşdyrylan çykyşy boldy. Bu sahna çykyşynyň innowasiýalylygy bäş sany adaty koreý reňkiniň, häzirki zaman pop sazynyň energiýasynyň, ýokary tehnologiýaly LED-kostýumlaryň we üýtgeşik mediaart-ýoldaşlygynyň sazlaşykly birleşmeginde jemlenýär.

Bu gyzykly çykyşy breýk-dans we janly bitboks has-da baýlaşdyrdy. Artist Çon Min Hýogyň belläp geçişi ýaly, aşgabatly tomaşaçylaryň şowhunly el çarpyşmalary diýseň tolgundyryjy boldy.

Artistleriň iň soňky hoşlaşyk çykyşy hem täsirli görkezişe öwrüldi. Tansçylar ýagty saçýan LED görnüşli Türkmenistanyň we Koreýanyň döwlet baýdaklarynyň şekillerini sahna çykaryp, gyzgyn garşylandyklary we Aşgabadyň iň abraýly meýdançalarynyň birinde çykyş etmäge döredilen mümkinçilik üçin Türkmenistanyň Hökümetine tüýs ýürekden hoşallyk bildirdiler.