Jidde şäherinde (Saud Arabystany) badalga alan AFK-yň çempionlar Ligasynyň toparlaýyn bäsleşiginde «Ahalyň» futbolçylary Birleşen Arap Emirlikleriniň «Şababom Al-Ahli» topary bilen 1:1 hasabynda deň oýnady. «С» toparçada «Ahal» we «Şababom Al-Ahli» bilen bilelikde «Fuladyň» (Eýran) we «Al-Garafatyň» (Katar) futbolçylary oýnaýarlar.
Türkmenistanyň wise-çempiony bilen BAE-niň kümüş medalynyň eýesiniň arasyndaky «Korol Abdalla Sports Siti» meýdançasynda pandemiýa şertlerinde geçirilen oýunda tomaşaçylarsyz geçirildi.
AFK-nyň çempionlar Ligasyda ilkinji gezek çykyş edyän «Türkmennebitönümleri» Baş müdirliginiň «Ahal» toparyna Aziýanyň wajyp bäsleşigine ençeme gezek gatnaşan, BAE-iň baýrakly toparlarynyň biri garşydaş boldy.
«Şababom Al-Ahli» hakynda aýdylanda, ol ýedi gezek BAE-niň çempiony boldy, on gezek bu ýurduň Prezidentiniň Kubogyny aldy, bäş gezekden liganyň we BAE-niň Superkubogyny eýeledi, 2015-nji ýylda bolsa AFK-nyň çempionlar Ligasynda finala çykdy we Hytaýyň «Guançžou Ewergrand» toparyndan çekişilikli oýunda – 0:1 hasabynda ýeňişlige sezewar boldy.
Häzirki wagtda «Şababom Al-Ahli» toparynda Braziliýadan, Argentinadan, Eýrandan, Özbegistandan we Norwegiýadan bolan futbolçylar oýnaýarlar, abraýly Transfermarkt web-saýtynyň maglumatlaryna görä bu oýunçylaryň umumy bahasy 17 million ýewro barabardyr.
Oýnuň birinji döwründe kän bir howply pursatlar bolmady. Diňe soňky bäş minutlykda garşydaşlar az-kem ýiti çykyşlary etmegi başardylar. 42-nji minutda Harib Abdalla çep gyradan ýakyn aralydan güýçli urgyny geçirdi, derwezeban Rasul Çaryýew hüşgärligi elden bermedi. Ondan 3 minut geçenden soň Meýlis Diniýew derwezeban bilen ýüzbe-ýüz çyksa-da ony aldap bilmedi. Şeýlelikde toparlar 0:0 hasabynda arakesmä çykdylar.
Duşuşygyň ikinji ýarymynda oýunçylar tijenip başladylar we derwezeleriň öňünde howply pursatlar döretdiler. 66-njy minutda Ata Geldiýew üçin amatly pursat döredi. Ol burçdan urulan, ýokardan gelen topy kellesi bilen derwezä gönükdirip başarmady.
Şundan iki minut geçenden soň «Ahalyň» kapitany Elman Tagaýew tapawutlanyp bilýärdi. Ol sag gyradan jerime urgusyny derwezäni nyşanalap batly depdi, top derwezäniň sütünine degdi.
75-nji minutda «Ahal» 1:0 hasabynda öňe çykdy. 59-minutda oýna giren Arslanmyrat Amanow burçdan topy Serdar Geldiýewe geçirdi, ol hem topy kellesi derwezäniň burçuna gönükdirdi, ol ýerde goragsyz duran Abdy Bäşimow topy derwezä salmagy başardy.
Arap futbolçylary dört minutdan soň 11 metrlik jerime urgusyny urup hasaby deňlediler.
– Biz oýna gowy taýýarlyk gördük. Ilkiniji 20 we 25-nji minutlarda kyn boldy, şeýle bolsa-da biz ikinji döwürde güýçli çykdyk – diýip, oýundan soň bolan press-konferensiýada «Ahalyň» baş tälimçisi Röwşen Muhadow belledi.
«Ahalyň» tälimçisi onuň toparynyň utuş gazanmaga mümkiçiligi bolandygyny aýratyn üns çekdi.
– Biz käbir ýerde ýalňyşlyk goýberdik, bu bolsa onuň netijesi, AFK-nyň çempionlar Ligasynda hasap bir pursatda üýtgäp bilýär, biz muny hemişe ýatda saklamalydyrys – diýip tälimçisi Röwşen Muhadow oýnuň jemini jemledi.
Bu toparda çykyş edýän Eýranyň «Fulad» we «AL-Garafa» 0:0 hasabynda deň oýnadylar.
Şeýlelikde, «Ahalyň», «Şababom Al-Ahliniň», «Fuladyň» (Eýran) we «Al- Garafatyň» (Katar) bip utuklary bar.
Indiki oýunda «Ahal» «Al-Garafat» bilen, «Şababom Al-Ahli» bolsa «Fulad» bilen duşuşar.
AFK-yň çempionlar Ligasy 19 ýyl mundan öň döredidi. 2003-nji ýylda Aşgabadyň «Nissasy» toparlaýyn bäsleşigiň çärýek finalyna çenli ýetendigini ýatlamak gerek.