Türkmenistanyň hokkeý boýunça milli ýygyndy topary Lýuksemburgda tamamlanan dünýä çemionatynda «A» toparynyň üçünji diwizionynda bürünç medal gazandy.
Kokelşoýer şäherinde geçen ýaryşda baýrak üçin Birleşen Arap Emirlikleriniň, Lýuksemburgyň, Taýwanyň, Türkiýäniň we Türkmenistanyň ýygyndy toparlary gatnaşdylar.
Ozal habar berlişi ýaly, toparda birinji orny Birleşen Arap Emirlikleriniň ýygyndy topary eýeledi hem-de indiki ýyl dünýä çempionatynyň ikinji diwizionynda «B» toparynda çykyş etmäge hukuk gazandy. Dünýä çempionaty – 2022-de bu ýurduň ýygyndy toparynda birnäçe rus we belarus hokkeýçileri hem oýnadylar. Olar BAE-niň milli çempionatynda şertnama boýunça çykyş edýärler.
Kümüş we bürünç medallaryň ykbaly ýaryşyň iň soňky güni kesgitlenildi.
Buz meýdançasyna ilki bilen Türkmenistanyň we Türkiýäniň toparlary çykdylar. Oýnuň birinji döwründe türk hokkeýçileri hasaby açdylar. Indiki 20 minutlykda Baýmyrat Baýmyradow hasaby deňledi. Ikinji arakesmä toparlar Türkiýäniň ýygyndy toparynyň haýryna 5:2 hasabynda çykdylar. Iň soňky 20 minutlykda Baýram Allaýarowyň türgenleri hasaby 4:5-e getirmegi başardylar. Netijede Türkiýäniň topary 9 utuk gazanyp, ikinji orunda galmagy başardy.
Üçünji ornuň ykbaly bolsa ýer eýeleri Lýuksemburgyň topary bilen Taýwanyň toparynyň arasynda geçirilen oýunda çözüldi. Bürünç medaly almak üçin Lýuksemburgyň toparyna deňe-deň hasap ýeterlikdi. Taýwandyň ýygyndy topary utan halatynda bolsa üçünji orna Türkmenistanyň ýygyndy topary eýe bolýardy.
Oýnuň birinji döwründe hasap 1:1 boldy. ikinji 20 minutlykda Taýwan 3:1 öňe çykdy. Üçünji döwrüň tamamlanmagyna 6 sekunt galanda lýuksemburglylar hasaby 3:4 ýetirip, derwezebanlaryny altynjy oýunça çalyşdylar we boş derwezelerine bir şaýbany geçiritdiler. Şeýlelikde, Taýwan 5:3 hasabynda ýeňip, Türkmenistanyň milli ýygyndy toparyna bürünç medaly üpjün etdi.
Sylaglamak dabarasynda Buz üstündäki hokkeýiň Halkara federasiýasynyň wise-prezidenti Aýwaz Omorkanow Türkmenistanyň hokkeýçilerine, toparyň kapitany Ahmet Gurbanowa bolsa ýadygärlik sowgat gowşurdy.
Üç ýyl ozal türkmen hokkeýçileri Bolgariýanyň Sofiýa şäherinde geçirililen dünýä çempionatynda ilkinji gezek çykyş edip, Ýewropanyň, Aziýanyň we Afrikanyň alty toparlaryndan ybarat üçüinji diwizionynda üçünji orny eýelemegi başardylar. Bu üstünlige olary toparyň baş tälimçisi Baýram Allaýarow getirdi. Onuň ýolbaşçylygynda Türkmenistanyň ýygyndy topary 2017-nji ýylda Ýaponiýanyň Sapporo şäherinde geçirilen VIII gyşky Aziýa oýunlarynda ikinji diwizionynyň ýaryşynda kiçi altyn medaly gazandy. 2018-nji ýylda bolsa Saraýewoda dünýä çempionatynyň dört toparyň gatnaşmagynda geçirilen saýlama ýaryşynda ýeňiji boldy.