Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndy topary Gyrgyzystanyň paýtagty Bişkek şäherinde geçirilýän Aziýanyň Kubogy ugrundaky ýaryşyň saýlama bäsleşiginde ýer eýelerini utup, ilkiniji taryhy ýeňşini gazandy. Oýun Bişkek şäherindäki «Gazprom» sport toplumynyň meýdançasynda geçdi we 3:1 hasabynda tammalandy.
Uzak ýyllaryň dowamynda Gyrgyzystanyň ýygyndy topary türkmen futzalçylary üçin oňaýsyz garşydaş hasaplanýardy. Diňe iki oýun – 2:2 hasabynda Aziýanyň Kubogy – 2010 (Wýetnamda) we 1:1 Aziýanyň Kubogy – 2015 (Täjigistanda) tamalanypdy. Beýleki oýunlarda gyrgyz futzalçylary üstün çykypdylar.
Toparymyzyň baş tälimçisi Guwanç Kanaýew oýnuň öňüsyrasynda oýunçylara bu duşuşygyň olaryň durmuşyndaky esasy oýundygy barada aýtdy. Muňa oýunçylaryň özleri hem gowy düşünýärdiler. Biziň toparymyzyň çykyş edýän «A» toparynda gyrgyzlardan başga Maldiwler we 12 gezek Aziýanyň çempiony bolan Eýranyň topary bar. Birinji oýunda Eýranyň ýygyndysy Maldiwiň toparyny 17:0 hasabynda utup, ýaryşyň öňüni çekýär.
Müňlerçe janköýerleriň güýçli goldawy bilen gyrgyz futzalçylary oýny howply hüjümler bilen başladylar. Ilkinji 20 minudyň dowamynda Türkmenistanly oýunçylar garşydaşlarynyň hüjümlerini gaýtaryp bildiler. Şeýlelikde 0:0 hasabynda arakesmä çykdylar.
Oýnuň ikinji yarymynda – 27-nji minutda Allamyrat Gurbanow hasaby açdy we şondan bir minut geçenden soň Daýanç Garajaýew hasaby ikä ýetirdi. 31-nji minutda ýer eýeleri bir gol urup hasaby 2:1 ýetirdiler.
Oýnuň tamamlanmagyna 45 sekund galanda ýer eýeleri derwezebany altynjy oýunçy bilen çalyşýarlar. Toparymyzyň derwezebany tutan topuny garşydaşlarynyň boş derwezesine urup hasaby 3:1-e ýetirýär.
Oýundan soň Gyrgyzystanyň futzalçylarynyň baş tälimçisi, gazak hünärmeni Amirjan Mukanow biziň derwezebanymyzyň oýnuna uly baha berdi. Ol Türkmenistanyň toparyndan utulandan şoň Gyrgyzystanyň futzalçylary kyn ýagdaýa düşdüler – diýdi.
Türkmenistanyň Gyrgyz Reshublikasyndaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Şadurdy Meredow türkmen futzalçylaryny ýeňiş bilen gutlady we indiki duşuşyklarda üstünlik arzuw etdi.
– Öz meýdançasynda, oňaýsyz garşydaşy utup gazanan ýeňşiňden lezzet almak aňyrsyna ýetip bolmajak ýakymly duýgy – diýip, toparymyzyň goragçysy Şiri Baýramdurdyýew biziň habarçymyz bilen gürrüňdeşlikde aýtdy.
Indiki oýun biziň toparymyz bilen Eýranly futzalçylaryň arasynda bolar. Beýleki oýunda Maldiwanyň we Gyrgyzystanyň futzalçylary duşuşarlar.
Aziýanň Kubogy – 2022 yaryşlarynyň futzal boýunça 16 sany güýçli ýygyndylaryň final bäsleşigi şu ýylyň 25-nji sentýabryndan 20-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçer.