Şu gün Türkmenistanyň Tennis federasiýasy (TTF) 30 ýyllyk şanly senesini belleýär. Bu jemgyýetçilik sport guramasy 1992-nji ýylyň 14-nji aprelinde resmi taýdan bellige alyndy we şondan bäri Türkmenistanda tennisi ösdürmek hem-de wagyz etmek bilen meşgullanýan iri guramaça öwrüldi.
Türkmenistanda sportuň dünýäde bu meşhur görnüşi bilen meşgullanmak babatda şertleriň neneňsi üýtgändigine göz ýetirmek üçin taryha ser salmak ýeterlikdir.
Tennis Türkmenistanda sport görnüşi hökmünde 1950-nji ýyllaryň başlarynda bir wagtyň özünde Aşgabatda, Maryda we Çärjewde (häzirki Türkmenabat) ýüze çykyp başlady, şonda bu sport bilen az sanly adamlar meşgullanýardy, ýaryşlar bolsa asfalt düşelen meýdançalarda geçirilýärdi.
Türkmenistanda ilkinji döwlet tälimçisi Ýelena Domnina boldy. Tutuş ömrüni bu işe bagyşlap, onuň zähmet çeken ýeri bolan Marynyň sport mekdebi ençeme meşhur türgenlere uly sporta aralaşmaga ýol açdy. Soňlugy bilen Ý. Domninanyň şägirtleri Türkmenistanyň esasy türgenlerine öwrüldiler. Şolaryň arasynda Ýazgeldi Bäşimow, Larisa Kulakowa, Georgiý Bartnowskiý, Walentina Alekseýewa, Olga Çistýakowa, Sergeý Osipýan ýaly türgenler we ençeme beýlekiler boldy.
Türkmenistan Garaşsyzlygyna eýe bolandan soňra bolsa, sportuň maddy-enjamlaýyn binýady ep-esli pugtalandy. Ýurdumzyň ähli künjeklerinde hemme halkara ölçeglerine laýyk gelýän häzirki zaman tennis meýdançalarynyň köp sanlysy guruldy.
1997-nji ýyldan başlap, TTF Halkara tennis federasiýasynyň (ITF) assosirlenen agzasy, 2003-nji ýyldan başlap bolsa, doly hukukly agzasydyr. ITF häzir doly hukukly agzalarynyň derejesine eýe bolan milli guramalaryň 145-sini hem-de assosirlenen agzalarynyň 60-syny özünde jemleýär.
Türkmen türgenleri ITF-niň düzümine girenden soň, dürli halkara tennis ýaryşlarynda özbaşdak topar bolup çykyş etmäge hem-de şolarda medallary eýelemäge hukuk aldylar. Döwlet Garaşsyzlygy ýyllary içinde ýokary hünär derejeli tälimçileriň hem sany artdy. Häzirki günde Türkmenistanda eli şahadatnamaly tälimçileriň umumy sany 40 hünärmene ýetýär, şolaryň 30-sy ITF-nyň halkara tälimçilik şahadatnamasyna eýedir. Garaşsyzlyk ýyllarynda türgenleriň sany hem artdy, häzirki gün olaryň sany 1500-e barabardyr.
Türkmenistanyň Tennis federasiýasynyň resmi web-saýty (ttf.gov.tm) hem bardyr, şonda TTF-nyň işi barada hemme möhüm maglumatlar beýan edilýär. Şol saýtdan okyjylar tennis dünýäsindäki täzelikler hem-de sport binýatlarynyň ýerleşen ýeri bilen tanşyp bilýärler, şol ýerlerde häzirki günde sportuň bu görnüşi bilen meşgullanyp bolýar.
2018-nji ýylda TTF-nyň müdüriýetiniň täze düzümi işläp başlady, ol tälimçiler düzümini okatmak we menejment, ýaryş işlerini guramak, interneti ulanmak we saýty ýöretmek boýunça birnäçe netijeli çäreleri geçirdi, ITF bilen aragatnaşygy berkitdi we umuman, milli federasiýanyň abraýyny artdyrdy. Munuň şeýledigine 2019-njy ýylda Russiýanyň milli ýygyndysynyň düzüminde Dewisiň Kubogynyň iki gezek eýesi, ATR-iň ýaryşlarynyň 19-synyň ýeňijisi Mihail Ýužnynyň ussatlyk sapagyny bermek bilen Türkmenistana sapar bilen gelmegi şaýatlyk etdi.
TTF-nyň wekilleri 2020-nji ýyldan bäri ITF-nyň birnäçe halkara kommitetleriniň, şol sanda erkekler we zenanlar toparlarynyň bütin dünýä belli ýaryşlaryny – Davis Cup hem-de Billie Jean King Cup ýaryşlaryny gecirmek boýunça iş toparynyň agsazy bolup durýar.