Ï Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada

view-icon 42454
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada
Aman Kekilowyň «Söýgi» romany sahnada

Balkan welaýatynyň Saparmyrat Türkmenbaşy adyndaky Dowlet drama teatry Aman Kekilowyň «Söýgi» romany boýunça täze spektakly sahnalaşdyrmak işini tamamlady.

Şygyr görnüişide ýazylan bu eser Aman Kekilowyň adyny türkmen edebiýatynda müdimilik goýdy we köp ýyllaryň dowamynda teatrlaryň sahnasyndan düşmän gelýär. Bu esere täzeden ýüzlenmek bilen, teatryň artistleri ýönekeý adamlaryň durmuşyndaky bolup geçýän wakalara, meselelere, olaryň arzuw isleglerine üns berýärler. Romanda çeperlik bilen beýan edilen özboluşly keşpler we beýik ahlak gymmatlyklar türkmen halkynyň ruhy güýjüniň belentligini açyp görkezýär.

Ykbalyň güýçli urgularyna garşy duran we adamlarda geljege bolan ynamy sowgat eden söýginiň belent duýgulary hakyndaky bu eseri ýazmak üçin Aman Kekilow ömrüniň ýigrimi ýylyny sarp etdi.

Aman Kekilowyň edebi mirasynyň esasynda spektakl goýmak pikiri mende öňräkden bäri bardy. «Söýgi» romanyny ilkinji gezek okanymda ondaky beýan edilýän wakalar meni örän tolgundyrdy, bu eser şu gunlerem öz wajyplygyny ýitirmän gelýär. Meniň bir tanyşym eseriň binäçe baplaryny ýatdan bilýär. Spektaklda biz poeziýdan az- kem çekilip, dramadaky dartgynly şekilleri çuňňur açmaga ýykgyn etdik - diýip, sepektakly goýujy Öwezmämmet Galandarow biz bilen bolan söwbetdeşlikde gürrüň berdi.

Ýaş artistler öz gahrymanlaryny çuňňur öwrenmäe, döredýän keşpleriniň psihologiýasyna düşünip, olaryň içki we daşky duýgularyny tomaşaçylara ýetirmäge çalyşýarlar.

Ýönekeýje bezelen şertlerde gürrüň berilýän dartgynly taryhy waka tolgundyryjy duýgulary oýarýar. Pikirleriň aýdyňlygy, gahrymanlaryň içki gapma - garşylygy Nury Halmämmedowyň mukamlary bilen sazlaşyp, spektakla aýratyn öwüşgin berýär.

Laçyn Nuryýewa, Arslan Hojagurbanow, Parahat Ylýasow baş gahrymanlaryň keşplerini ýerine ýetirýärler. Spektakl ýakyn wagtda tomoşaçylara görkeziler.