Futbol boýunça Aşgabadyň Kubogy ugrundaky ýaryşda paýtagtymyzyň «Altyn asyr» toparynyň finaldaky bäsdeşi soňky tapgyrda belli bolar.
Ýaryşyň ikinji finalçysy 5-nji tapgyrda «Aşgabat» we «Köpetdag» toparlarynyň duşuşygynda belli bolmalydy. Türkmenistanyň IIM-niň toparyna finala çykmak üçin deňme-deň oýnamagam ýeterlikdi. Ýöne «Aşgabadyň» futbolçylary ýeňiş gazanmagy niýet edindiler, arakesmeden soň 13 minudyň dowamynda jogapsyz üç pökgi geçirdiler. Olardan Hydyrgeldi Atjanow (70-nji minutda), Baýjan Satlykow (73-nji minutda) we Toýmämmet Sähetmämmedow (83-nji minutda) tapawutlandylar.
Şu ýeňişden soň «Aşgabat» 8 utuk bilen ikinji orunda barýan «Köpetdagdan» utuk tapawudyny üçe çenli azaltdy.
Başga bir duşuşykda «Altyn asyr» «Ahalyň» ýaşlar düzümini 5:0 hasabynda utup, 13 utuk bilen möhletinden öň birinji orny eýeledi. Türkmenistanyň häzirki çempionynyň hatarynda Mekan Saparow (17-nji minutda), Myrat Annaýew (11 metrlik jerime urgusyndan 62-nji minutda), Furkat Tursunow (63-nji minutda), Ahmet Ataýew (67-nji minutda) we Nurmyrat Rozyýew (72-nji minutda) tapawutlandylar.
63-nji minutda Döwletgeldi Çaryýew meýdançadan çykarylandan soň azlykda oýnan «Ahal-2» 1 utuk bilen soňky orunda galdy. 3-nji ýer ugrunda «Ahal-2» bilen bäsleşjek topar soňky tapgyrda belli bolar.
6-njy tapgyrda «Aşgabat» – «Ahal-2» we «Altyn asyr» – «Köpetdag» toparlary duşuşarlar.