Ï Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-20) Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda garşydaşlary kesgitlendi
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-20) Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda garşydaşlary kesgitlendi

view-icon 5667
Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysynyň (U-20) Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda garşydaşlary kesgitlendi

Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndy topary (20 ýaşa çenli) Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Iordaniýanyň, Taýwanyň, Siriýanyň we Demirgazyk Marian adalarynyň toparlary bilen oýnar. Şu gün Aziýa futbol konfederasiaýynyň Kuala-Lumpurdaky (Malaýziýa) Baş karargähinde onlaýn formatda geçirilen bije çekişginiň netijeleri şeýle:

Ýaryşlar 10-a bölünip, 44 toparda çykyş eder.

Türkmenistan öz bäsdeşleri bilen «D» topara girýär, olaryň oýunlary 10-njy sentýabrdan 18-nji sentýabr aralygynda Ammanda (Iordaniýa) bir aýlawda geçer.

Galanlaryň düzümi:

«А» topar: Saud Arabystany (ýer eýesi), Hytaý, Mýanma, Maldiwler, Özbegistan.

«B» topar: Katar, Bahreýn (ýer eýesi), Bangladeş, Nepal, Butan.

«С» topar: Ýaponiýa, Ýemen, Palestina, Laos (ýer eýesi), Guam.

«Е» topar: Koreýa Respublikasy, Malaýziýa, Mongoliýa (ýer eýesi), Şri-Lanka.

«F» toparIndoneziýa (ýer eýesi), Wýetnam, Gonkong, Gündogar Timor.

«G» toparTaýland, Oman (ýer eýesi), Filippinler, Owganystan.

«Н» topar: Awstraliýa, Yrak (ýer eýesi), Hindistan, Kuweýt.

«I» toparTäjigistan (ýer eýesi), Kamboja, Liwan, Singapur.

«J» topar: BAE, Eýran, Gyrgyzystan (ýer eýesi), Bruneý.

Aziýanyň Ýaşlar (U-20) kubogynyň 2023-nji ýylyň 1 ‒ 18-nji mart aralygynda Özbegistanda geçiriljek jemleýji tapgyryna toparlaryň ýeňijileri we ikinji ýerleri eýelän bäş topar çykar.

Jemleýji saýlaw tapgyrynyň netijeleri boýunça Indoneziýada geçjek Dünýä-2023-iň 23-nji kubogynda Aziýanyň adyndan ýaryşlaryň ýer eýelerini-de goşmak bilen bäş topar çykyş eder.