Şu gün Malaýziýanyň paýtagtynda onlaýn formatda geçirilen bije çekişligiň netijesinde, Futbol boýunça Aziýa-2023 kubogynyň saýlama ýaryşlarynda Ýaponiýanyň, Iordaniýanyň, Siriýanyň we Filippinleriň toparlary Türkmenistanyň ýetginjekler ýygyndy toparyna (17 ýaşa çenli) garşydaş bolup çykdylar.
Ýaryşlarda 10-a bölünen 44 topar çykyş eder.
Türkmenistan öz bäsdeşleri bilen «A» topara girýär, olaryň oýunlary 1-nji oktýabrdan 9-njy oktýabr aralygynda Ammanda (Iordaniýa) bir aýlawda geçer.
Galanlaryň düzümi:
«B» topar: Indoneziýa (ýer eýesi), Malaýziýa, Palestina, Guam, BAE.
«С» topar: Oman (ýer eýesi), Yrak, Katar, Liwan, Bahreýn.
«D» topar: Hindistan, Saud Arabysany (ýer eýesi), Mýanma, Maldiwler, Kuweýt.
«Е» topar: Ýemen, Bangladeş (ýer eýesi), Singapur, Butan.
«F» topar: Taýland, Wýetnam (ýer eýesi), Taýwan, Nepal.
«G» topar: Awstraliýa (ýer eýesi), Hytaý, Kamboja, Demirgazyk Marian adalary.
«Н» topar: Täjigistan (ýer eýesi), Owganystan, Gündogar Timor, Mongoliýa.
«I» topar: Eýran, Gonkong, Gyrgyzystan (ýer eýesi), Laos.
«J» topar: Koreýa Respublikasy, Bruneý, Özbegistan (ýer eýesi) Şri-Lanka.
Aziýanyň Ýetginjekler (U-17) kubogynyň 2023-nji ýylyň 3 ‒ 20-nji maý aralygynda Bahreýnde geçiriljek jemleýji tapgyryna toparlaryň ýeňijileri we ikinji ýerleri alan bäş topar çykar.
Jemleýji saýlama tapgyrynyň netijeleri boýunça Peruda geçiriljek Dünýä-2023-iň 19-njy kubogynda Aziýanyň adyndan saýlama dört topar çykyş eder.