Ï Türkmenistan Aziýa kubogy-2022-de Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen duşuşar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistan Aziýa kubogy-2022-de Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen duşuşar

view-icon 6544
Türkmenistan Aziýa kubogy-2022-de Özbegistan, Bahreýn we Täjigistan bilen duşuşar

Türkmenistanyň futzal boýunça milli ýygyndysy Futzal boýunça Aziýa kubogy-22-niň şu ýylyň 27-nji sentýabr 8-nji oktýabr aralygynda Kuweýtde geçiriljek 17-nji ýaryşynyň jemleýji tapgyrynda Özbegistanyň, Bahreýniň we Täjigistanyň toparlary bilen duşuşar. Şu gün Aziýa futbol konfederasiýasynyň Kuala-Lumpurda (Malaýziýa) ýerleşýän baş karargähinde onlaýn görnüşde geçirilen bije çekişliginiň netijeleri şulardan ybarat:

Aziýanyň iň güýçli topary diýen at ugrunda 4-e bölünen 16 topar bäsleşer.

Türkmenistan öz bäsdeşleri bilen «B» topary düzýär.

Beýleki toparlaryň düzümi:

«A» topar: Kuweýt, Yrak, Taýland, Oman;

«Ç» topar: Eýran, Liwan, Taýwan, Indoneziýa;

«D» topar: Ýaponiýa, Wýetnam, Koreýa Respublikasy, Saud Arabystany.

Her topardan ikisi çärýek finala gatnaşmaga mümkinçilik gazanar.

Türkmen futbolçylarynyň Aziýa Kubogynyň jemleýji ýaryşynda on ýyl arakesmeden soň oýnaýandyklaryny ýatladalyň. Bu hukugy olar aprel aýynda Bişkekde geçen saýlama ýaryşynda toparda ikinji ýeri eýelemek bilen gazandylar. Onuň barşynda biziň milli ýygyndy toparymyz birinji tapgyrda 3 : 1 hasap bilen Gyrgyzstany utdy, soň 0 : 3 hasap bilen Aziýanyň 12 gezek we häzirki çempony Eýrandan utuldy. Oýunlaryň jemlenýän güni bolsa Maldiwany 7 : 0 hasabynda utdy.

Aziýa Kubogynyň öňde duran jemleýji ýaryşy Türkmenistanyň ýygyndy topary üçin bäsleşigiň taryhynda 7-nji oýun bolar. Owal türkmen futbolçylary oňa 2005, 2006, 2007, 2008, 2010 we 2012-nji ýyllarda gatnaşypdylar.