Ï Türkmen futbolçylary Taýlandda Aziýa-2023 Kubogynyň saýlaw oýunlaryna taýýarlyga başladylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmen futbolçylary Taýlandda Aziýa-2023 Kubogynyň saýlaw oýunlaryna taýýarlyga başladylar

view-icon 8763
Türkmen futbolçylary Taýlandda Aziýa-2023 Kubogynyň saýlaw oýunlaryna taýýarlyga başladylar

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndy topary 8-nji iýunda Malaýziýada başlanjak 18-nji Aziýa-2023 Kubogynyň saýlaw ýaryşlaryna taýýarlyk üçin okuw-türgenleşik geçirjek ýerini Taýlandy saýlady.

Bangkoka gelen badyna ýurdumyzyň topary Taýlandyň demirgazyk-gündogarynda ýerleşýän Sisaket welaýatyna gitdi, şol ýerde-de 31-nji maýa çenli gysga wagtlyk taýýarlyk görer. Onuň gidişinde Taýlandyň ýygyndy topary bilen ýoldaşlyk duşuşygy geçiriler. Duşuşyk «Şri Nakhon Lamduan» ýerli stadionynda geçiriler. 

Türkmenistanyň milli ýygyndy topary Aziýa-2023 Kubogynyň saýlaw oýunlaryna milli ýygyndynyň täze baş tälimçisi Ýazguly Hojageldiýewiň ýolbaşçylygynda taýýarlyk görýär. Ol bu wezipede iki aý mundan öň bellenen Türkmenistanyň at gazanan tälimçisi Seýit Seýidowyň ornuna geçdi. Seýit Seýidow bolsa ýurdumyzyň Futbol federasiýasynyň karary bilen indi ýaşlar ýygyndy toparyny (U-20), şu ýylyň sentýabr aýynda Ammanda (Iordaniýada) geçiriljek Aziýa-2023 Kubogynyň saýlaw ýaryşlaryna taýýarlar. 

Aziýa-2023 Kubogynyň kwalifikasiýa ýaryşlarynda Türkmenistanyň milli ýygyndysy «E» toparda Bahreýniň, Malaýziýanyň we Bangladeşiň toparlary bilen oýnar. Bu toparda oýunlaryň ählisi-de bir aýlawda geçiriler.

Ilkinji oýny ildeşlerimiz 8-nji iýunda ýurt eýelerine ‒ malaýziýalylara garşy geçirerler, soňra 11-nji iýunda Bangladeş bilen oýnarlar, jemleýji tapgyrda bolsa, 14-nji iýunda Bahreýniň topary bilen duşuşarlar. 

Aziýa-2023 Kubogynyň jemleýji bölümine alty toparyň ýeňijilei we ikinji ýerleri eýelänleriň arasyndan iň gowy bäş topar çykar.