Futbol boýunça Daşoguz welaýatynyň Kubogy ugrundaky bäsleşigiň soňky tapgyrynda «Turan» we «Daşoguz» toparlary güýç synanyşdylar.
«Turan» topary bilen Daşoguz welaýatynyň Sport we ýaşlar syýasaty Baş müdirliginiň sport mekdebiniň «Garaşsyzlyk» meýdançasynda geçen gyzykly oýnuň birinji ýarymy 0 : 0 hasaby bilen tamamlandy.
Oýnuň birinji ýarymynda top, azyndan üç gezek «Turanyň» derwezesine girmelidi. Ýöne iki gezek gutulgysyz goldan toparyň derwezebany Umyt Allamow halas etdi, ýene bir ýagdaýda bolsa batly urlan topy derwezäniň sütüni yzyna gaýtardy.
Oýnuň ikinji ýarymynyň 73-nji minutynda «Turanyň» futbolçylary jerime urgusyna hukuk aldylar we topy derwezä salmagy başardylar.
«Daşoguz» toparynyň baş tälimçisi Alybek Sapaýewiň şägirtleri utulyşyň öwezini dolmak üçin yhlas etdiler, yhlaslary olary myrada ýetirdi. Oýun tamamlanyp barýarka, topa bilkaslaýyn elini degreni üçin, emin jerime meýdançasynda «Turanyň» derwezesine urgy belledi. Goşmaça minutyň ilkinji pursadynda derwezebandan sag burça urmak bilen, bu urgyny Jasur Annamyradow dürs urup yasaby deňledi.
Deňe-deň oýnamak bilen, toparlaryň ikisi-de 10 utuk gazandy. Ýöne salnan we geçirilen toplaryň oňyn tapawudynyň hasabyna ýaryşyň başyny «Daşoguz» eýeleýär.
«Ruhubelent» we «Nowbahar» öňbaşçylardan 4 utuk yza galýarlar. Bu toparlaryň arasyndaky oýun 4-nji tapgyrda «Ruhubelndiň» uly ýeňşi bilen tamamlanypdy ‒ 6 : 1.
Ýaryşda yzda barýan Akdepe etrabynyň «Akdepe» toparyny 3 : 0 hasabynda ýeňen Daşoguzyň «Almazy» 3 utuk gazandy.
Daşoguz welaýtynyň Kubogynyň eýesi jemleýji tapgyrda «Nowbahar» ‒ «Turan» we «Daşoguz» ‒ «Akdepe» duşuşyklarynda belli bolar.