Ï Aziýa çempionatynyň ikinji güni türkmen samboçylary bäş medal aldylar
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Aziýa çempionatynyň ikinji güni türkmen samboçylary bäş medal aldylar

view-icon 7893
Aziýa çempionatynyň ikinji güni türkmen samboçylary  bäş medal aldylar
camera-icon
FIAS

Liwanyň Juniýa şäherinde dowam edýän Aziýanyň sambo boýunça çempionatyň ikinji güni Türkmenistanyň samboçylary bäş sany ‒ bir altyn we dört bürünç medal gazandylar.

Babajan Ibadullaýew Aziýanyň çempiony boldy. Alty samboçynyň çykyş edýän 98 kg ýokary agyrlyk toparynda bu ady gazanmak üçin, türkmenistanly 29 ýaşly türgene jemi 3 minutdan artyk wagt gerek bolmady. Şowly bije atyşlyk netijesinde ýarym final bolan ilkinji göreşde ol 1 minut 26 sekuntda özbegiztanly Alim Murtazakulowy wagtyndan öň ýeňdi, finalda bolsa 56 sekuntda gyrgyzystanly Talasbek Nuralyýewden üstün çykdy.

Bürünç baýraga Meýlis Nyýazmeňliýew (64 kg çenli), Muhammetnyýaz Gurbandurdyýew (71 kg çenl), Rüsdem Penjiýew (79 kg çenli) we Çarymyrat Annagurbanow (98 kg çenli) mynayp boldular.

Ýaryşlaryň iki gününiň netijeleri boýunça, Türkmenistanyň topary 10 (2 sany altyn, 2 sany kümüş we 6 sany bürünç) medal bilen medal hasaby boýunça dördünji ýeri eýeleýär.