Türkmenistandan FIDE-niň 16 ýaşly ussady Läle Şöhradowa «Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynyň final tapgyrynyň ýeňijisi boldy. Lebap welaýatynyň Dänew etrabynyň mekdep okuwçysy bu üstünligi möhletinden öň, B derejeli ýaryşlaryň tamamlanmagyna bir tapgyr galanda gazandy. Ýaryşa FIDE-niň şol wagtdaky 1800-den 1999-a çenli reýtingi bolan küştçi gyzlar gatnaşdylar.
Türkmenistanyň Küşt federasiýasynyň metbugat-beýanatynda habar berilişine görä, L.Şöhradowa döwleriň 9-synda 7,5 utuk toplady we netijede, Ýewropa derejesi bilen final tapgyryna çykan azerbaýjanly Aýsel Mämmedowadan 1 utuk öňe geçdi. Baýrakly üçünji orna 6 utuk bilen ABŞ-dan Eşli Pang eýe boldy.
Biziň ildeşimiziň üstünlik gazanmagynda 7-nji tapgyryň döwi esasy oýun boldy. Şonda Läle Şöhradowa ak mallarda oýnap, B derejeli ýaryşyň başyny çekip gelýän Aýsel Mämmedowany ýeňdi hem-de birinji orna çykdy.
Indiki tapgyrda türkmen küştçi gyzy özüne çylşyrymly bolan ýagdaýda küşt tagtasynda amerikaly Erin Biany ruh bilen täsirli ýatyrdy hem-de ýaryşda ýeňiji bolmagy başardy. (surata ser.)
Bu Bütindünýä küşt festiwalyna onlaýn görnüşde blis-düzgün (her göçüme 2 sekund goşulmagy bilen, tutuş döwe 3 minut berilýär) bilen ýaryşyň final tapgyrynda orunlara mynasyp bolmak ugrunda: Aziýadan (oňa Awstraliýa hem goşulýar), Ýewropadan, Afrikadan, Demirgazyk we Günorta Amerikadan, umuman dünýäniň 100 golaý ýurdundan jemi 500-den gowrak küştçi gyzlar bäsleşdiler.
A derejsinde (FIDE-niň 2000-den ýokary reýtingi bolan oýunçylar üçin) Perunyň wekili, C derejesinde (1600-den 1799-a çenli reýting) Şri-Lankadan bolan küştçi gyz, D derejesinde bolsa (1600-den pes reýtingi bolan ýa-da reýtengi bolmadyk gyzlar üçin) Hytaýdan zehinli küştçiler ýeňiş gazandylar.
«Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynda ýeňiş gazanmak biziň watandaşymyza şu ýylyň iýul-awgust aýlarynda Hindistanda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasyna baryp gatnaşmaga hukuk berýär.
Emma, Läle Şöhradowa dünýäniň küşt jemgyýetçiligi üçin bolan bu esasy olimpiada Türkmenistanyň zenanlar ýygyndy toparynyň düzüminde gatnaşmagy maksat edinýär.
Ýaryşyň kwalifikasiýa Aziýa tapgyrynda toparlaýyn hasapda Türkmenistanyň 3-nji baýrakly orny eýeläpdi.
Biziň toparymyz Hytaýyň we Eýranyň toparlaryndan ýeňildi hem-de Hindistan, Indoneziýan, Gazagystan, Gyrgyzystan, Malaýziýa... ýaly, ýygyndy toparlaryň 20-sini yzda galdyrdy.
Hindistanda geçiriljek Bütindünýä küşt olimpiadasynyň final böleginde Türkmenistanyň ýygyndy toparynyň düzüminde: Jemal Öwezdurdyýewa (A dereje, 2061 reýting), Läle Şöhradowa (B dereje, 1856 reýting), Merýem Agajanowa (C dereje, 1783 reýting) we Eneş Arazmedowa (D dereje) çykyş ederler. Türkmenistanyň küşt federasiýasy, «Queens Online» Bütindünýä küşt festiwalynyň final tapgyryndaky ýaryşlara gelin – gyzlarmyza ýaryşa gatnaşmaga ýardam berendigi üçin «Nur Ýüpek» matalar dükany toplumyna hem-de egin-eşik tikýän «Saraýan» kompaniýasyna, Aşgabadyň «Ýyldyz» myhmanhanasyna hoşallyk bildirýär.