Ï Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin bäsleşyän toparlaryň dördüsi galdy
mail-icon
altynasyr.newspaper@sanly.tm
EN RU TK

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin bäsleşyän toparlaryň dördüsi galdy

view-icon 5803
Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin bäsleşyän toparlaryň dördüsi galdy
camera-icon
tff.com.tm

Türkmenistanyň Futbol federasiýasynyň kubogyny almak üçin Aşgabat şäheriniň sport meýdançalarynda ýaryşyň birinji tapgyrynda iki topara bölünen dokuz klubuň futbolçylary bäsleşdiler.

«A» toparda «Ahal», «Merw», «Nebitçi», «Köpetdag-2» we Türkmenistanyň Olimpiýa ýygyndysy (U23), «B» toparda «Şagadam», «Aşgabat», «Energetik» hem-de Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) ýarym finala çykmak ugrunda bäsleşdiler.

«A» toparda üç ýeňiş gazanyp, «Merw» bilen 0:0 hasabynda deň oýnan «Ahal» 10 utuk bilen öňe saýlandy. Üç ýeňiş gazanyp, diňe «Ahaldan» 0:4 hasabynda utulan we 9 utuk toplan «Nebitçi» hem ýarym finala çykdy.

«B» toparda iki gezek ýeňiş gazanan, «Aşgabat» bilen 1:1 hasabynda deň oýnan Türkmenbaşy şäheriniň «Şagadamy» birinji orny eýeledi. 1 oýunda utup, iki duşuşygy, şol sanda Marynyň «Energetigi» bilen 1:1 hasabynda deň oýnan «Aşgabat» topary 5 utuk gazanyp, ýarym finala çykdy.

Şeýlelikde, birinji ýarym final oýunda «Ahal» we «Aşgabat», beýleki oýunda balkanly klublar - «Şagadam» hem-de «Nebitçi» duşuşarlar.

7-nji orun ugrunda Türkmenistanyň ýaşlar ýygyndysy (U20) «Köpetdag-2» klubyny 2:1 hasabynda ýeňdi. Duşuşygyň esasy wagty 0:0 hasabynda deň tamamlanan 5-nji orun ugrunda duşuşykda «Merw» topary diňe oýundan soňky 11 metrlik urgularynda «Energetigi» 5:4 hasabynda utmagy başardy.